Ï Halkara sergide Türkmen döwlet medeniýet institutynyň diwarlygy ýaýbaňlandyryldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Halkara sergide Türkmen döwlet medeniýet institutynyň diwarlygy ýaýbaňlandyryldy

view-icon 2766
Halkara sergide Türkmen döwlet medeniýet institutynyň diwarlygy ýaýbaňlandyryldy

Ýakynda ýurdumyzda geçirilen «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergide Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Ylymlar akademiýasy, ýokary okuw mekdepleri ösen tehnologiýalaryň esasynda täze döredijilik oýlap tapyşlary bilen giň halk köpçüligini tanyşdyrdylar. Şol işleriň köpüsiniň ýurdumyzyň ýaşlaryna degişlidigini bellemek gerek. 

Watanymyzyň daýanjy bolan ýaşlar ykdysadyýetiň dürli ugurlarynyň sazlaşykly ösüşine itergi berýän ylmy gözlegleri alyp baryp, ýurdumyzyň ylym-bilim kuwwatynyň mundan beýläk-de artmagyna saldamly goşant goşýarlar. Olaryň döredijilik işleriniň birnäçesi halkara ylmy jemgyýetçilik tarapyndan hem ykrar edilýär. Bu üstünlikler ýokary okuw mekdepleriň diwarlyklarynda aýdyň beýanyny tapýar. 

Halkara sergä Türkmen döwlet medeniýet instituty hem öz ajaýyp diwarlygy bilen gatnaşyp, soňky ýyllarda medeniýet ulgamynda gazanylýan üstünlikleri ýaýbaňlandyrmak bilen sergä gatnaşanlarda uly gyzyklanma döretdi. Esasan hem milli sungatymyzyň göwher gaşlary bolan el zähmeti bilen ýerine ýetirilen külalçylyk, zergärçilik, heýkeltaraşlyk, suratkeşlik sungatynyň bir bölegi bolan miniatýura eserleri özüniň gözelligi, nepisligi bilen görenleri haýran galdyrdy. Bulardan başga-da diwarlykda institutyň zehinli talyp ýaşlarynyň ýerine ýetirmeginde arheologik gazuw-agtaryş işleri netijesinde tapylan küýze önümleriniň we gadymy golýazmalaryň gaýtadan dikeldilişi görkezildi.

Serginiň jemleýji gününde «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergisiniň gatnaşyjysy hökmünde Türkmen döwlet medeniýet institutyna ýörite diplom gowşuryldy.

Biz – talyplara okamaga, döretmäge, müňýyllyklara uzaýan gadymyýetimizi öwrenmäge we ony dünýä ýaýmaga ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!