Paýtagtymyzda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti boldy.
Türkmen döwlet gurjak teatry daşary ýurt drama eserleriniň hepdeliginiň soňky gününde iňlis ýazyjysy Radýard Kiplingiň meşhur hekaýasy esasynda goýlan «Maugli» sahna oýnuny görkezdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda ýurduň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumynda çykyş edip, foruma gatnaşyjylary köpçülikleýin habar beriş serişdelerini diňe döredijilikli maksatlar üçin ulanmaga çagyrdy.
Halk diplomatiýasy resmi diplomatiýa üçin möhüm goldaw bolmalydyr. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumdaky çykyşynda belläp geçdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumda çykyş etdi.