2026-njy ýylyň 9-njy aprelinde Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçisi Ş.Meredow «Tashkent irregasiýa we oba hojalygyny mehanizasiýa inženerleri instituty» ylmy-barlag uniwersitetiniň rektory B.Mirzaýew bilen duşuşdy.
2026-njy ýylyň 7-nji aprelinde Türkmenistanyň Yslamabatdaky Ilçihanasynda Pakistanyň Lahor söwda-senagat edarasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Wekiliýete edaranyň Baş sekretary Şahid Halil ýolbaşçylyk etdi.
9-njy aprelde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde mekdep okuwçylarynyň arasynda matematika dersi boýunça geçirilýän III halkara olimpiadasynyň açylyş dabarasy boldy.
Balkan welaýatynyň kärendeçi daýhanlary, ýer eýeleridir mülkdarlary mukaddes topragymyzda bereketli önümleri ýetişdirip, ilatymyzy gök önüm bilen bütin ýylyň dowamynda ygtybarly üpjün etmeklige özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar.