2025-nji ýylyň 15-nji aprelinde Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginde konsullyk meseleleri boýunça Daşary işler ministrlikleriniň arasynda türkmen-gazak geňeşmeleri geçirildi.

2025-nji ýylyň 14-nji aprelinde Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynyň Sekretariatynyň wezipä bellenilen Baş sekretary Sun Weýdunyň arasynda duşuşyk geçirildi.

2025-nji ýylyň 10-11-nji apreli aralygynda Türkmenistanyň Hytaýdaky medeniýet ýylynyň 2-nji tapgyryna bagyşlanan medeni çäreler geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň müdiriniň ýolbaşçylygyndaky sungat wekilleriniň topary, Şansi welaýat medeniýet merkeziniň teatrynda geçirilen çärelere aýdym-saz çykyşlar bilen gatnaşmak üçin Sian şäherinde boldy.

2025-nji ýylyň 14-nji aprelinde Türkmenistanyň Horwatiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Buharest ş.) A.Annaýewiň Horwatiýa Respublikasynyň Prezidentiniň Geňeşçisi Newen Pelikariç bilen duşuşygy geçirildi.

Alty ýyl ozal aprel aýynda döwlet ähmiýetli Arkadag şäheriniň gurluşygynyň düýbi tutuldy. Köpetdagyň etegindäki gar ýaly ak belent binalaryň häzirki toplumyna seredeniňde, ekologiýa taýdan arassalygyň we rahatlygynyň nusgasy bolan bu pajarlap ösýän şäheriň döredilen gününden bäri şeýle gysga wagtda uly ýol geçendigine ynanar ýaly däl.
