12.08.2025
7076
Täze okuw ýylyna doly taýýarlykda
Ýurdumyzda bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek, okuwçylara dünýä ülňülerine laýyk derejede bilim bermek, onuň üçin mümkin bolan ähli şertleri döretmek, ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli berkitmek, şeýle hem bu ulgama sanly tehnologiýany ornaşdyrmak ýaly wajyp ugurlary öz içine alýan, döwletimiz boýunça alnyp barylýan «Bilim» syýasaty ýurdumyzyň Lebap welaýatynda hem üstünlikli durmuşa geçirilýär.
12.08.2025
4345
«Hazar deňzi — dostluk we parahatçylyk deňzi» atly ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
Sizi Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak hakynda Çarçuwaly konwensiýanyň güýje girmegi mynasybetli her ýylyň 12-nji awgustynda ýurdumyzda ýokary guramaçylyk derejesinde bellenilýän Hazar deňziniň güni hem-de “Hazar deňzi — dostluk we parahatçylyk deňzi” atly ylmy-amaly maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
11.08.2025
5424
Türkmenistanyň Gahrymany Amangözel Şagulyýewa
Sizi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda 85 ýaşyňyzyň dolmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, döredijilik dünýäsinde uly üstünlikleri arzuw edýärin.
11.08.2025
3880
Türkmenistanyň Gahrymany Amangözel Şagulyýewa
Sizi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda belleýän 85 ýaş ýubileýiňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
11.08.2025
6807
Şahyrana söz ussadyna sarpa
Şu gün Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda ýurdumyzyň meşhur döredijilik işgäri, Türkmenistanyň Gahrymany, ussat şahyr Amangözel Şagulyýewanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda 85 ýaşynyň dolmagy mynasybetli dabara geçirildi.
11.08.2025
4740
Umumy maksatlaryň bähbidine netijeli dialogy pugtalandyryp
Hazaryň türkmen kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler (DÇBÖBD) boýunça üçünji maslahaty ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine sebit we halkara derejede hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga möhüm goşant boldy.
11.08.2025
4580
Türkmenistan bilen Çad Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekdäki mümkinçiliklere garaldy
2025-nji ýylyň 9-njy awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Çad Respublikasynyň Daşary işler, afrikan integrasiýasy we daşary ýurtdaky çadlylaryň işleri boýunça ministri - delegaty Fatima Aljina Garfa bilen duşuşdy.
11.08.2025
6233
Türkmen talyplary Germaniýada dil taýýarlygyny ýokarlandyrýarlar
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary 28-nji iýuldan 30-njy awgust aralygynda Germaniýanyň akademiki alyşmalar gullugynyň (DAAD) maksatnamasynyň çäklerinde guralan nemes dili boýunça tomusky okuwlara gatnaşýarlar.
11.08.2025
5035
Türkmenistan bilen Bütindünýä gümrük guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmek üçin möhüm ädim
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy bilen Bütindünýä gümrük guramasynyň (BGG) Baş sekretary Ýan Sandersiň duşuşygy geçirildi.
11.08.2025
4435
Türkmenistanda yssy we gurak howa saklanyp galar
11 – 17 awgust aralygynda Türkmenistanda yssy we gurak howa saklanyp galar. Käbir ýerlerde üýtgäp durýan bulutly howa bolar. Gysga wagtlyk şemalyň güýjemegi mümkin. Howanyň temperaturasy gündizlerine +40...+42 gradus bolar.