08.08.2025
5420
Didar Durdyýew «Arkadag» toparyna ýeňiş getirdi
Ýokary liganyň toparlarynyň arasynda geçirilýän 2025-nji ýyldaky futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 15-nji tapgyrynda «Arkadag» toparynyň futbolçylary nobatdaky uly ýeňşini gazandylar.
08.08.2025
5218
Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy ilkinji gezek FIDE-niň TOP-50 görkezijisine girdi
Türkmenistanyň zenanlar milli ýygyndy topary ilkinji gezek dünýäniň TOP-50 görkezijisine girip, 2025-nji ýylyň iýul aýynyň netijesi boýunça Halkara küşt federasiýasynyň (FIDE) her aý täzeleýän umumy sanawynda 50-nji orny eýeledi.
08.08.2025
3073
Türkmen-slowen gatnaşyklarynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
2025-nji ýylyň 7-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Berkarar myhmanhanasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Sloweniýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) Alenka Suhadolnigiň arasynda duşuşyk geçirildi.
08.08.2025
3183
Türkmenistan we Filippinler Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy
2025-nji ýylyň 7-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Filippinler Respublikasynyň Köptaraplaýyn gatnaşyklar we halkara ykdysady gatnaşyklar meseleleri boýunça Daşary işler ministriniň orunbasary Çarlz Hoseniň arasynda duşuşyk geçirildi.
08.08.2025
3260
Türkmenistan we Slowakiýa Respublikasy özara bähbitli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge meýilli
2025-nji ýylyň 7-nji awgustynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Slowakiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi (oturýan ýeri Daşkent ş.) Wiktor Boreskiniň arasynda duşuşyk geçirildi.
08.08.2025
3035
Türkmenistan bilen Butan Patyşalygynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garaldy
2025-nji ýylyň 7-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Butan Patyşalygynyň Daşary işler we daşary söwda ministri Dina Nat Dungýeliň arasynda duşuşyk geçirildi.
08.08.2025
6651
Ýod-brom suwlaryny gaýtadan işlemegiň ileri tutulmagy
Dünýäde peýdaly magdan serişdeleriniň azalýan döwründe suwda ereýän serişdeleriň, ýagny gidromineral serişdeleriň ähmiýeti artýar, şeýle hem olary ykdysady taýdan peýdaly usulda gaýtadan işlemegiň tehnologiýalarynyň häzirki döwürde möhüm orny bardyr.
07.08.2025
3880
Türkmenistanyň Prezidenti Polşa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow jenap Karol Nawroskä Polşa Respublikasynyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.
07.08.2025
6203
Zenan ýolbaşçylaryň duşuşygy
Şu gün BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde zenan ýolbaşçylaryň “Ygrarlylykdan özgertmelere: deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasyny ilerledýän zenanlar” atly duşuşygy geçirildi. Oňa deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň parlamentleriniň, halkara we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.
07.08.2025
4589
Umumy maksatlara ýetmek üçin özara hereketler ilerledilýär
Şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde “Hereketleriň maksatnamalaryny milli syýasatlara ornaşdyrmagyň strategiýalaryny hem-de arabaglanyşygy we hyzmatdaşlygy üpjün etmek boýunça ösüş meýilnamalaryny öwrenmek” mowzugy bilen DÇBÖBD boýunça milli utgaşdyryjylaryň hem-de BMG-niň hemişelik utgaşdyryjylarynyň duşuşygy boldy.