04.07.2025
5376
Döwlet Baştutanymyz «Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmek hakynda» Karara gol çekdi
Türkmenistanyň Prezidentiniň durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen daşary syýasatyny durmuşa geçirmek hem-de halkara we sebit derejesinde kabul edilen resminamalary iş ýüzünde amala aşyrmak, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
04.07.2025
4128
Türkmenistanyň wekiliýeti YHG-nyň “Durnukly we howanyň üýtgemegine durnukly geljek üçin YHG-nyň täze garaýşy” atly 17-nji sammitine gatnaşdy
2025-nji ýylyň 4-nji iýulynda Hankendi şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (YHG) “Durnukly we howanyň üýtgemegine durnukly geljek üçin YHG-nyň täze garaýşy” atly 17-nji sammitine gatnaşdy.
04.07.2025
4922
Daşoguz welaýatynda ekin ýerleriniň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak we irrigasiýa desgalaryny talabalaýyk ýagdaýda saklamak boýunça işler alnyp barylýar
«Daşoguzsuwhojalyk» önümçilik birleşiginiň «Daşoguz Altyn asyr Türkmen köl gurluşyk» müdirliginiň hünärmenleri sebitde suw serişdelerini rejeli peýdalanmaga gönükdirilen işlere mynasyp goşant goşýarlar.
04.07.2025
3074
Türkmenistanyň DIM-nde Polşanyň Seýmynyň daşary işler boýunça komitetiniň başlygy bilen duşuşyk geçirildi
2025-nji ýylyň 4-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň Polşa Respublikasynyň Seýmynyň daşary işler boýunça komitetiniň başlygy Pawel Kowal bilen duşuşygy geçirildi.
04.07.2025
3392
YHG-niň 17-nji Sammitiniň çäginde ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi
2025-nji ýylyň 4-nji iýulynda Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň 17-nji Sammitiniň çäginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Pakistan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Muhammad Ishak Dar bilen duşuşdy.
04.07.2025
4443
Türkmenistan Merkezi Aziýada multimodal daşamalar boýunça geçirilen maslahata gatnaşdy
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarynyň wekilleri bilen birlikde sanly söwda we multimodal daşamalar boýunça sebit okuw maksatnamasynyň ilkinji göni modulyna gatnaşdylar.
04.07.2025
6567
Türkmenistanly dzýudoçy gyz Gazagystanda ýetginjekleriň arasynda geçirilýän Aziýa Kubogynda bürünç medala mynasyp boldy
15 ýaşly türkmen dzýudoçysy Käkilik Derýaýewa Almaty şäherinde ýetginjekleriň arasynda geçirilýän Aziýa Kubogynda bürünç medal gazandy.
04.07.2025
4566
Türkmen küştçüsi Bütindünýä küşt Olimpiadasynda ilkinji gezek medal gazandy
Türkmenistanyň wekili Serbiýanyň ajaýyp Wrnýaçka-Banýa şäherinde görmek ukyby çäkli küştçüleriň arasynda geçirilen XVII Bütindünýä küşt Olimpiadasynda ilkinji gezek medal gazandy.
04.07.2025
4663
Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby «Merkezi Aziýanyň iň gowy talyby» diýen ada mynasyp boldy
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň roman-german we gündogar dilleri fakultetiniň italiýan dili we edebiýaty hünäriniň 4-nji ýyl talyby Bahar Aýdogdyýewa «Merkezi Aziýanyň iň gowy talyby» diýen hormatly ada mynasyp boldy.
04.07.2025
2660
Ekin ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar
«Daşoguzsuwhojalyk» önümçilik birleşiginiň «Daşoguz Altyn asyr Türkmen köl gurluşyk» müdirliginiň hünärmenleri sebitde suw serişdelerini rejeli peýdalanmaga gönükdirilen işlere mynasyp goşant goşýarlar.