04.06.2025
3792
Italiýaly sazanda Nello Salza Aşgabatda konsert berdi
Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda italiýaly Nello Salzanyň konserti geçirildi. Italiýaly turbaçy bu konserti kompozitor, sazlary gaýtadan işleýji we kinofilmlere saz döreden Ennio Morrikoneniň ýagty ýadygärligine bagyşlady.
04.06.2025
2342
Türkmenistan Melburnda CDIO 2025 Halkara maslahatyna wekilçilik edýär
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekiliýeti Awstraliýanyň Melburn şäherindäki Monaşa uniwersitetinde 1–5-nji iýun aralygynda geçirilýän CDIO 2025 Halkara maslahatyna gatnaşýar.
04.06.2025
4331
Aşgabatda ÝUNISEF-iň tomusky howa mekdebi açyldy
Aşgabatda BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýaşlar tomusky howa mekdebi açyldy. Bu başlangyç howanyň üýtgemegine garşy göreşde betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak üçin 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň Gün tertibinde ýaş nesliň tagallalaryny birleşdirmäge niýetlenendir.
04.06.2025
2261
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Palestina Döwletiniň Ilçisi bilen duşuşygy geçirildi
2025-nji ýylyň 3-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýurdumyzdaky diplomatik işini tamamlaýan Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Hossein Ali Mostafa Gannam bilen duşuşyk geçirdi.
04.06.2025
4195
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany okyjylara ýetirildi
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň maý aýyndaky sany okyjylara ýetirildi. Däp bolşy ýaly, neşir ajaýyp döwrümizde gazanylýan ýeňişlere, ýetilýän belent sepgitlere türkmen ýaşlarynyň goşýan goşandyny wasp edýär.
03.06.2025
2915
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy
Şu gün ýurdumyzda Bütindünýä welosiped güni bellenildi. Bu halkara baýram mynasybetli paýtagtymyzda geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.
03.06.2025
3453
«Awaza — dostluk mekany» atly halkara tans we folklor festiwalyna gatnaşyjylara
Sizi «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Awaza — dostluk mekany» atly halkara tans we folklor festiwalynyň dabaraly açylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.
03.06.2025
3065
Türkmenistanyň DIM-de HHR-iň Kompartiýasynyň MK-niň Wagyz işleri boýunça bölüminiň başlygynyň orunbasary bilen duşuşyk geçirildi
2025-nji ýylyň 3-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Wagyz işleri boýunça bölüminiň başlygynyň orunbasary Hu Hepiniň arasynda duşuşyk geçirildi.
03.06.2025
3143
Monako Knýazlygynda Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi işe başlady
2025-nji ýylyň 30-njy maýynda Monakonyň Şazadasynyň köşgünde Türkmenistanyň Monako Knýazlygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Pariž ş.) Maksat Çaryýewiň Monakonyň Şazadasy Alber II-ä ynanç hatlaryny gowşuryş dabarasy geçirildi.
03.06.2025
3341
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe bagyşlanan maslahat
2-nji iýunda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde ýokary okuw mekdebiň professor-mugallymlar düzüminiň, aspirantlarynyň, ýaş alymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda ylmy-amaly maslahat geçirildi.