29.05.2025
3481
Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agza ýurtlarynyň Gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň mejlisi
2025-nji ýylyň 28-nji maýynda Tähran şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agza ýurtlarynyň Gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň 10-njy mejlisi geçirildi.
29.05.2025
3009
Minsk şäherinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäre guraldy
2025-nji ýylyň 28-nji maýynda Belarus Respublikasynyň “Maýyp çagalar üçin respublikan dikeldiş merkezi” döwlet edarasynda Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäre guraldy.
29.05.2025
3714
“Newsweek” habarlar agentliginiň wekili bilen duşuşyk geçirildi
2025-nji ýylyň 27-nji maýynda Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynda “Newsweek” halkara habarlar agentliginiň ýokary derejeli ýolbaşçylar bilen hyzmatdaşlyk bölüminiň direktory Lor Kreýn bilen duşuşyk geçirildi.
29.05.2025
4142
Futbol boýunca 2026-njy ýyldaky Aziýa Kubogy ýaryşynyň saýlama oýunlarynda Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň garşydaşlary kesgitlenildi
Şu gün Malaýziýanyň paýtagtynda geçirilen 23 ýaşa çenli ýaşlaryň arasynda futbol boýunça 2026-njy ýyldaky Aziýa Kubogy saýlama ýaryşyna bije çekişlikde Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň garşydaşlary Iordaniýanyň, Taýwanyň we Butanyň milli ýygyndy toparlary diýlip kesgitlenildi.
29.05.2025
5747
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň wekilleri Daşkentde geçirilen «TIMUN-2025» halkara maslahatyna gatnaşdylar
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň wekilleri «Birleşen Milletler Guramasynyň Daşkent halkara nusgasy» atly (TIMUN-2025) halkara maslahatyna gatnaşdylar. BMG-niň nusgasy boýunça merkezi Aziýadaky iri forumlaryň biri bolan bu çäre 23–25-nji maýy aralygynda Özbegistanyň Daşkent şäherinde ýerleşýän Halkara Wetsminster uniwersiteti tarapyndan guraldy.
29.05.2025
4129
Türkmenistanda resmi düzümler üçin işgär taýýarlamak boýunça okuw geçirildi
Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän Merkezi Aziýada Serhet dolandyryşyna kömek maksatnamasy Aşgabatda Türkmenistanyň serhet, gümrük, migrasiýa, weterinariýa we fitosanitar edaralarynyň işgärlerini taýýarlamaga jogapkär mugallymlardyr işgärler üçin häzirki zaman okuw usullary boýunça okuw gurady.
29.05.2025
5038
Futzal boýunça 2025-nji ýyldaky Türkmenistanyň Naýbaşy ligasynyň Aşgabat tapgyry başlandy
Futzal boýunça 2025-nji ýyldaky Türkmenistanyň Naýbaşy ligasynyň Aşgabat tapgyry Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Köpugurly sport toplumynda 8-nji tapgyryň duşuşyklary bilen başlandy.
29.05.2025
3838
Ylmy neşirleriň hilini ýokarlandyrmak boýunça okuw maslahaty geçirildi
«Halkara indeksirlenýän ylmy žurnallaryň impakt-ýagdaýy (IÝ ýa-da IF)» diýen tema boýunça geçirilen okuw-usulyýet onlaýn okuw maslahaty Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlaryny bir ýere jemledi.
29.05.2025
3426
Türkmenistanyň wekili “Çagalaryň hatyrasyna dialog: Merkezi Aziýa we ÝUNISEF” atly ýokary derejeli foruma gatnaşdy
2025-nji ýylyň 27-nji maýynda Daşkent şäherinde “Çagalaryň hatyrasyna dialog: Merkezi Aziýa we ÝUNISEF” atly ýokary derejeli forum geçirildi.
29.05.2025
2997
Türkmenistanda Ýewropa gününi bellemegiň çäklerinde köpçülikleýin ylgaw boýunça ýaryş geçiriler
31-nji maýda Aşgabatda Türkmenistanda Ýewropa gününi bellemegiň çäklerinde 2, 5 we 10 kilometr aralyga parahatçylyk we ynanyşmak ruhunda köpçülikleýin ylgaw boýunça ýaryş geçiriler.