Ï Futzal boýunça 2025-nji ýyldaky Türkmenistanyň Naýbaşy ligasynyň Aşgabat tapgyry başlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Futzal boýunça 2025-nji ýyldaky Türkmenistanyň Naýbaşy ligasynyň Aşgabat tapgyry başlandy

view-icon 3648
Futzal boýunça 2025-nji ýyldaky Türkmenistanyň Naýbaşy ligasynyň Aşgabat tapgyry başlandy

Futzal boýunça 2025-nji ýyldaky Türkmenistanyň Naýbaşy ligasynyň Aşgabat tapgyry Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Köpugurly sport toplumynda 8-nji tapgyryň duşuşyklary bilen başlandy.

Ilkinji duşuşykda «Ahal» topary «Köpetdag» toparyny 7:3 hasabynda ýeňip, Türkmenistanyň häzirki çempionyny ikinji ýeňlişe sezewar etdi.

Ikinji duşuşykda ýurdumyzyň öňki çempiony «Deňizçi» topary «Migrasiýa» toparyndan 5:3 hasabynda üstün çykyp, üçünji ýeňşini gazandy.

Tapgyryň soňky duşuşygynda «Senagatbank» topary TNGIZT-iň toparyny 5:4 hasabynda utup ýeňiş gazandy.

Bu duşuşyklardan soň 13 utuk bilen ýaryşyň sanawynda ikinji we üçünji orny paýlaşýan «Senagatbank» bilen «Ahal» toparlaryň öňbaşçy «Köpetdag» toparyndan aratapawudy 5 utuga çenli azaldy. «Deňizçi» we «Migrasiýa» toparlary ilkinji üçlükden 3 utuk yzda. TNGIZT-iň topary 6 utuk bilen ýaryşyň sanawynda soňky orunda.