mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

news-photo

16.10.2024

total-veiw

7119

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň 13-si THE World University Rankings 2025 dünýä sanawyna girdi

Britaniýanyň Times Higher Education (THE) guramasy dünýä uniwersitetleriniň ýyllyk görkezijisiniň 21-nji neşirini World University Rankings 2025 çap etdi.

news-photo

16.10.2024

total-veiw

5390

Türkiýede howanyň üýtgemegi boýunça alymlary COP-29 üçin teklipleri taýýarlaýarlar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň wekilleri Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň goldamagynda 15-nji we 16-njy oktýabrda Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde geçirilýän halkara maslahatyna gatnaşýarlar. Maslahat BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly Konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 29-njy maslahatyna gatnaşýan ýurtlaryň milli wekiliýetleriniň mümkinçiliklerini berkitmekden ybaratdyr.

news-photo

16.10.2024

total-veiw

3550

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň we Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministriniň duşuşygy

2024-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda Yslamabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Şahbaz Şarifiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we ösüşiniň geljegi barada pikir alyşyldy.

news-photo

16.10.2024

total-veiw

4587

Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyna bagyşlanan ylmy simpozium

2024-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda Daşkent şäherinde ýerleşýän Merkezi Aziýa halkara institutynda Gündogaryň beýik akyldary we türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Magtymguly Pyragynyň edebi we syýasy-filosofiki mirasy» atly ylmy simpozium geçirildi.

news-photo

16.10.2024

total-veiw

3280

«OGT 2024» maslahaty dünýä energetika meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm meýdança bolar

23 – 25-nji oktýabr aralygynda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2024» atly XXIX halkara maslahaty we sergisi (OGT 2024) bilen baglanşykly Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda energetika hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga gyzyklanma artýar.

news-photo

16.10.2024

total-veiw

4334

Mediaulgamyň menzilleri

Hytaý Halk Respublikasynda geçirilen 6-njy Bütindünýä media sammitine ýurdumyzyň wekiliýetiniň gatnaşmagy Gahryman Arkadagymyzyň halkara hyzmatdaşlygyny ähli ugurlar boýunça işjeňleşdirmäge gönükdirilen asylly maksatlarynyň hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda üstünlikli amala aşyrylýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

news-photo

16.10.2024

total-veiw

4288

Türkmenistanyň DIM-nde Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy bilen duşuşygy geçirildi

2024-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Berger bilen duşuşygy geçirildi.

news-photo

16.10.2024

total-veiw

5053

Türkmenistanyň wekiliýeti Ženewada geçirilen BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky ýokary komissarynyň müdirliginiň ýerine ýetiriji komitetiniň 75-nji mejlisine gatnaşdy

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti we Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky wekilhanasynyň hemişelik wekili BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky ýokary komissarynyň müdirliginiň ýerine ýetiriji komitetiniň 75-nji mejlisine gatnaşdy.

15.10.2024

total-veiw

17670

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: — Biz parahatçylygyň we adamzadyň sazlaşykly ösüşiniň üpjün edilmegine öz goşandymyzy goşmaga taýýardyrys

Geçen hepde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine, Aşgabatda geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara foruma, Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli dabaralara hem-de beýleki möhüm wakalara beslendi. Munuň özi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýany boldy.

news-photo

15.10.2024

total-veiw

4547

Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar

Garaşsyzlyk güni mynasybetli Polşanyň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Size hem-de Türkmenistanyň halkyna tüýs ýürekden arzuwlarymy beýan edýärin.

...3288