mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

05.07.2024

total-veiw

4984

Ş.Geldynazarow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarowy, şol bir wagtda, Türkmenistanyň Nepaldaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Nýu-Deli şäheri) wezipesine bellemeli.

05.07.2024

total-veiw

5712

Medeniýet hepdeligi – 2025 Ahal welaýatynda geçiriler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň medeniýet ulgamynda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny täze, kämil eserler bilen baýlaşdyrmak, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini döwrüň talabyna laýyk derejede ösdürmek, döredijilik işgärlerini täze eserleri döretmäge ruhlandyrmak, halkymyza medeni taýdan ýokary hilli we döwrebap hyzmat etmek, şeýle-de Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli ýurdumyzda Medeniýet hepdeliklerini türkmen medeniýetiniň, sungatynyň, edebiýatynyň baýramy görnüşinde geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

05.07.2024

total-veiw

4593

Döwlet ylmy-tehniki maksatnamalary işläp taýýarlamagyň, ýerine ýetirmegiň we maliýeleşdirmegiň Tertibi tassyklanyldy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda alnyp barylýan ylmy-tehniki maksatnamalary işläp taýýarlamak, maliýeleşdirmek we olaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek, şeýle hem täze işläp taýýarlamalaryň, öňdebaryjy usullaryň, tejribeleriň, tehnologiýalaryň, ylmyň hem-de tehnikanyň soňky gazananlarynyň önümçilige ornaşdyrylyşyny has-da çaltlandyrmak maksady bilen, “Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama bilen, Döwlet ylmy-tehniki maksatnamalaryny işläp taýýarlamagyň, ýerine ýetirmegiň we maliýeleşdirmegiň Tertibi tassyklanyldy.

news-photo

05.07.2024

total-veiw

9573

Döwletimiziň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny demokratiýalaşdyrmagyň ýolunda

7-nji iýulda, ýekşenbe güni Aşgabatda möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre — aýry-aýry saýlaw okruglary boýunça Mejlisiň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine saýlawlar geçiriler.  

news-photo

05.07.2024

total-veiw

5596

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary sanly bilimiň ösüşi barada pikir alyşdylar

Türkmen oba hojalyk institutynda «Himiýa derslerini okatmakda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak tejribesi» temasyndan bilim-usulyýet maslahaty geçirildi.

news-photo

05.07.2024

total-veiw

10700

Türkmenistanyň we Özbegistanyň oba hojalyk ugurly ýokary okuw mekdepleri Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli duşuşyk geçirdiler

Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti we Daşkendiň döwlet oba hojalyk uniwersiteti bilelikde «Magtymguly – ähli döwürleriň we halklaryň şahyry» diýen at bilen okuw-usulyýet maslahatyny geçirdiler.

news-photo

05.07.2024

total-veiw

6152

Tokio şäherinde «Merkezi Aziýa – Ýaponiýa» işewürler dialogy geçirildi

2024-nji ýylyň 4-nji iýulynda Tokio şäherinde Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň, Daşary işler ministrliginiň howandarlygynda Ýaponiýanyň ROTOBO assosiasiýasy tarapyndan «Merkezi Aziýa – Ýaponiýa» işewürler dialogynyň ikinji duşuşygy geçirildi.

news-photo

05.07.2024

total-veiw

12127

«Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyndaky ajaýyp şahsyýetleriň heýkelleri: Saýat-Nowa

Şu ýyl türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň hem-de onuň özüniň hormatyna Köpetdagyň eteginde paýtagtymyzyň täze «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy dabaraly ýagdaýda açyldy.

news-photo

05.07.2024

total-veiw

5280

Bakja önümleriniň bolçulygy artýar

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Balkan welaýatynyň uzaklara ýaýylyp gidýän bereketli meýdanlarynda bakja ekinleriniň bol hasyly ýetişdirilýär. Welaýat boýunça şu ýyl 2620 gektar ekin meýdanyndan 52400 tonna bakja hasylyny almaklyk meýilleşdirilýär.

04.07.2024

total-veiw

7499

2024-nji ýylyň iýuny: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän «Açyk gapylar» syýasatynyň çäklerinde ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň alyp baran işlerine bagyşlanyp, her aýda taýýarlanylýan syn ählumumy abadançylygyň, howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň bähbidine netijeli halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolan wakalara beslenen geçen aýyň hem Türkmenistanyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyna ajaýyp seneler bilen girendigini görkezýär.

...3240