01.05.2024
5757
Türkmenistanly küştçi gyz 10 ýaşa çenli çagalaryň arasynda geçýän «blis» boýunça dünýä çempionatynda bürünç medal gazandy
Albaniýanyň Durres şäherinde geçirilen gysgaldylan wagt gözegçiligi bilen iki görnüşde geçip tamamlanan «blis» boýunça çagalar dünýä çempionatynda türkmenabatly 9 ýaşly küştçi Aýa Baýramowa bürünç medal gazandy.
01.05.2024
5661
Aşgabatda talyplaryň arasynda «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly halkara bäsleşik geçiriler
Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty türkmen paýtagtynda 22–25-nji maý aralygynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Hazarýaka döwletleriň, Türkiýäniň we Hytaýyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly halkara bäsleşik hem-de Breýn-ring geçirer.
01.05.2024
11441
Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň döredilmeginiň 95 ýyllygyna bagyşlanan konsert
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň uçurymlary we okuwçylary üçin möhüm seneler uly sahnada bellenilýär.
01.05.2024
4978
Tennis boýunça Aşgabadyň birinjiligi ugrundaky ýaryşyň ýeňijileri kesgitlendi
Türkmen paýtagtynda tennis boýunça birinjiligi eýelemek ugrunda «Aşgabat» köpugurly stadionda tamamlanan ýaryş ýaş türgenleriň 120-sini bir ýere jemledi.
01.05.2024
4190
Aşgabadyň we Arkadag şäheriniň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlary, konsertler
«Kamerata Aşgabat» aýdym-saz topary paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny «Nusgawy ýalkym» konsertine çagyrýar.
01.05.2024
4853
Usuly-okuw maslahatlar ýaşlaryň sanly ulgam boýunça sowatlylygyny ýokarlandyrýar
Şu günler ýurdumyzyň welaýatlarynda sanlylaşdyrma we ýaşlaryň sanly ulgam sowatlylygy boýunça okuw-usuly maslahatlary geçirilýär.
01.05.2024
5340
Merkezi Aziýa ýurtlary we Azerbeýjan Respublikasy bilen Arap ykdysady hyzmatdaşlygy forumynyň üçünji mejlisi geçirildi
2024-nji ýylyň 29-30-njy apreli aralygynda Katar Döwletiniň Doha şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlary we Azerbeýjan Respublikasy bilen Arap ykdysady hyzmatdaşlygy forumynyň üçünji mejlisi geçirildi. Forumyň işinde Türkmenistanyň wekiliýetine Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary B.Ýalakow ýolbaşçylyk edýär.
01.05.2024
5180
Döredijilik bäsleşikleriniň maksady ýaşlarda ekologik medeniýeti kemala getirmekdir
Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynda ýaş nesliň ekologik medeniýetini ösdürmäge we döredijilikli zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga gönükdirilen çäreler geçirildi.
30.04.2024
6227
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Mukaddes Oraza baýramy mynasybetli Katar Döwletiniň halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Size we doganlyk türkmen halkyna iň gowy arzuwlarymy, mähirli gutlaglarymy beýan etmäge şatdyryn. Siziň Alyhezretiňize abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlarymy, Siziň doganlyk ýurduňyza bolsa mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw edýärin.
30.04.2024
6119
«Türkmenaragatnaşyk» agentligine Türkmenbaşy şäherinde Aragatnaşyk merkeziniň edara binasyny gurmak barada HJ «Baş bina» bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň Balkan welaýatynyň binagärlik we şähergurluşyk keşbini özgertmek, şeýle hem aragatnaşyk pudagynyň işgärleri üçin has oňaýly iş şertlerini döretmek, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünliki durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenaragatnaşyk” agentligine Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde Aragatnaşyk merkeziniň edara binasynyň taslamasyny düzmek hem-de ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada “Baş bina” hojalyk jemgyýeti bilen şertnamany öz serişdeleriniň hasabyna baglaşmaga ygtyýar berildi.