Ï Türkmenistanly küştçi gyz 10 ýaşa çenli çagalaryň arasynda geçýän «blis» boýunça dünýä çempionatynda bürünç medal gazandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanly küştçi gyz 10 ýaşa çenli çagalaryň arasynda geçýän «blis» boýunça dünýä çempionatynda bürünç medal gazandy

view-icon 2019
Türkmenistanly küştçi gyz 10 ýaşa çenli çagalaryň arasynda geçýän «blis» boýunça dünýä çempionatynda bürünç medal gazandy
camera-icon
Türkmenistanyň küşt federasiýasynyňky

Albaniýanyň Durres şäherinde geçirilen gysgaldylan wagt gözegçiligi bilen iki görnüşde geçip tamamlanan «blis» boýunça çagalar dünýä çempionatynda türkmenabatly 9 ýaşly küştçi Aýa Baýramowa bürünç medal gazandy.

Ýaryşa 43 ýurtdan 375 oglandyr gyzlar gatnaşdy, olar medallar ugrunda «rapid» we «blis» usulynda 8, 10 we 12 ýaşa çenli üç ýaş toparynda bäsleşdiler. «Rapidde» her oýunça her göçüm üçin goşmaça 5 sekunt bilen her oýna 15 minut wagt berildi. «Blisde», ýagny ýyldyrym çaltlygyndaky küşt oýnunda bolsa her göçüm üçin 3 sekunt goşmak bilen, her oýna 5 minut wagt berildi.

Biziň ildeşimiz dünýä birinjilik baýragy ugrunda 41 gyz bäsleşen 10 ýaşa çenli toparda bürünç medal gazandy. Soňky iki tapgyrda özbegistanly Malika Norkulowadan we ABŞ-ly Alisiýa Çžudan üstün çykyp, Aýa Baýramowa (FIDE reýtingi – 1657) mümkin bolan 11 utukdan 7,5 utuk toplady. Gazagystanly Žansaý Şolpanbek hem hut şonça utuk gazanan eken. Şeýle-de bolsa, biziň küştçimiziň goşmaça görkezijileri has gowy çykdy. Ol diňe FIDE-niň baýdagy astynda çykyş edip, (10 utuk, FIDE reýtingi – 1883) ýaryşyň ýeňijisi bolan russiýaly Alisa Genrietta Ýunkerden we 9 utuk bilen ikinji orny eýelän hindistanly A.S.Şarwaanikadan (FIDE reýtingi – 1673) asgyn gelip, 3-nji orny eýeledi.

Şol bir ýaş toparynda çykyş edýän Türkmenistanyň ikinji küştçüsi Dünýä Ruslanowanyň (FIDE reýtingi – 1634) 7 utuk toplap, 41 medal dalaşgäriniň arasynda 7-nji orny eýelemegi-de bellenmäge mynasypdyr.

Beýleki toparlarda Mary welaýatyndan 7 ýaşly Aýlar Hemraýewanyň (FIDE reýtingi – 1476) 8 ýaşa ýetmedik gyzlaryň arasynda 5-nji orny eýeländigini-de bellemelidiris. Aýlar mümkin bolan 11 utukdan 6,5 utuk toplap, 20 bäsdeşiň arasynda rumyniýaly bürünç medalçy Elisa-Ioana Badeskudan bir utuk yza galdy. Bu toparda dünýä çempiony wýetnamly Nguen Wu Bao Çau (FIDE reýtingi – 1607) 100% netije bilen 11 utuk gazandy we ikinji orunda barýan gazagystanly Alişa Bissaliýewadan 2 utuk öňe geçdi.

«Rapid» boýunça ýaryşlarda toparymyzdan iň gowy netijäni 10 ýaşa çenli toparda çykyş edip, 7,5 utuk bilen 43 küştçiniň arasynda 7-nji orny eýelän Aýa Baýramowa görkezdi. Ol küşt bilen Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Güljahan Öwlüýägulyýewanyň ýolbaşçylygynda meşgullanýar.

Medallaryň umumy sany boýunça öňdäki orunlary eýelänleriň arasynda russiýaly, ABŞ-ly, wýetnamly, gazagystanly we hindistanly küştçüler bar. Türkmen türgenleriniň aglaba bölegi, mümkin bolan utuklaryň 50%-den gowragyny gazanyp, çagalar dünýä çempionatyny ýaryş sanawynyň ýokarky böleginde tamamlady.

Küştçülerimiziň häzirki dünýä çempionatynda görkezen netijelerini şeýle ýaryşlarda öňki ýyllarda gazanan netijeleri bilen deňeşdirsek, käbir ösüşleri görüp bileris. 

Türkmenistanyň Küşt federasiýasynda muny hem ýurt içinde, hem ýurt daşynda geçirilen halkara ýaryşlara köp gatnaşmak, ýurdumyzda halkara FIDE reýtingi hasabynyň girizilmegi, küşt oýnunyň sanlylaşdyrylmagy, şeýle hem ýaş türgenleriň arasynda öz zehinlerini ýaryş derejesinde ýüze çykarmak we daşary ýurtlarda geçirilýän ýaryşlarda öz ýurdumyzyň abraýyny goramak üçin täze mümkinçilikleriň döremegi netijesinde höwesiň artmagy bilen baglanyşdyrýarlar.