mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hyzmatdaşlyk

news-photo

09.09.2023

total-veiw

5871

Türkmenistanyň DIM-nde BMG-HABITAT bilen hyzmatdaşlygyň ugurlaryna seredildi

2023-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Aşgabada iş sapary bilen gelen BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň (BMG-HABITAT) wekilleri Katýa Şefer we Herman Piýenaar bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär. 

news-photo

08.09.2023

total-veiw

6010

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen-wýetnam geňeşmeleri geçirildi

2023-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda Türkmenistanyň we Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň degişli gurluş bölümleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly syýasy geňeşmeler geçirildi.

news-photo

08.09.2023

total-veiw

6680

Türkmenistanyň Ilçisi Portugaliýada işe başlady

2023-nji ýylyň 7-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Portugaliýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Pariž ş.) M.Çaryýew Portugaliýa Respublikasynyň Prezidenti Marsel Rebel de Souza öz ynanç hatlaryny gowşurdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

news-photo

07.09.2023

total-veiw

5080

Ýewropa Bileleşiginiň Owganystan boýunça ýörite wekili bilen duşuşyk geçirildi

Şu gün, 2023-nji ýylyň 7-nji sentýabrynda, Türkmenistanyň  Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň Ýewropa Bileleşiginiň Owganystan boýunça ýörite wekili Tomas Niklasson bilen onlaýn-duşuşygy geçirildi.

news-photo

07.09.2023

total-veiw

5697

Türkmenistan Sinandali aýdym-saz festiwalyna gatnaşýar

2023-nji ýylyň 31-nji awgustyndan 10-njy sentýabry aralygynda Gruziýada 5-nji Sinandali klassiki aýdym-saz festiwaly geçirilýär.

news-photo

06.09.2023

total-veiw

5313

Türkmenistanda Täze Zelandiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Täze Zelandiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sara Meri Uolşdan ynanç hatyny kabul etdi.

news-photo

06.09.2023

total-veiw

6767

Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2023-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we ÝUNESKO-nyň Baş direktorynyň orunbasary Szin Sýuý gepleşikleri geçirdiler, onuň dowamynda Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasynda özara gatnaşyklaryň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar we hyzmatdaşlygyň ýakyn geljekdäki gün tertibi barada pikir alyşdy.

news-photo

06.09.2023

total-veiw

5203

Türkmenistanyň wekilýetiniň Halkara sergiler býurosynyň Baş sekretary bilen duşuşygy

2023-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Pariž şäherine iş saparynyň çäginde Halkara sergiler býurosynyň (HSB) Baş sekretary Dmitriý Kerkentzes bilen duşuşdy.

news-photo

06.09.2023

total-veiw

6277

Parižde Türkmen-Fransuz syýasy geňeşmeleri geçirildi

2023-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda Parižde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Fransiýanyň Ýewropa we daşary işler ministri Katrin Kolonna bilen resmi duşuşygy geçirildi.

news-photo

05.09.2023

total-veiw

4823

Täze Zelandiýanyň ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

2023-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Täze Zelandiýanyň Türkmenistanda täze bellenen ilçisi (ýerleşýän ýeri Moskwa ş.) Sara Meri Wolş bilen duşuşyk geçirdi, onuň dowamynda ynanç hatlarynyň nusgalary kabul edildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.  

...425