Hyzmatdaşlyk
14.09.2023
6809
Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler ministrleri Duşenbede duşuşdylar
2023-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda Duşenbe şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky maslahatynyň öňüsyrasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň maslahaty geçirildi, oňa Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow hem gatnaşdy.
13.09.2023
4441
Duşenbede Türkmenistanyň we Täjigistanyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi
2023-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministri S.Muhriddin bilen gepleşikleri geçirdi.
13.09.2023
4476
Türkmenistanyň wekiliýeti Merkezi Aziýa döwletleriniň Ulag ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy
2023-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda Duşenbe şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynyň çäginde Merkezi Aziýa döwletleriniň Ulag ministrleriniň ilkinji duşuşygy geçirildi.
13.09.2023
4223
Aşgabatda hazarýaka döwletleriniň hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2023-nji ýylyň 11-13-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Hazar deňziniň meseleleri boýunça ýokary derejeli Iş toparynyň altynjy maslahaty geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
12.09.2023
6886
Türkmen-Hytaý gatnaşyklary babatynda özara pikir alyşyldy
2023-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň Hytaýyň halkara ösüş we hyzmatdaşlyk Agentliginiň başlygynyň orunbasary Den Botsin bilen duşuşygy geçirildi.
11.09.2023
4546
Türkmenistanda Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Dang Min Khoýdan ynanç hatyny kabul etdi.
11.09.2023
6792
Türkmenistanyň NATO-nyň ýanyndaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy akkreditirlendi
2023-nji ýylyň 7-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky Ilçisi Demirgazyk Atlantik Şertnamasy Guramasynyň (NATO) Baş sekretary Ýens Stoltenberge Türkmenistanyň NATO-nyň ýanyndaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy hökmünde öz ynanç hatlaryny gowşurdy.
10.09.2023
6003
Türkmenistanyň Prezidenti 14-15-nji sentýabrda iş sapary bilen Täjigistana barar
14-15-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygyna we Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň mejlisine gatnaşmak üçin Täjigistana iş saparyny amala aşyrar.
09.09.2023
5442
Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary UNFPA-nyň sebitleýin direktory bilen duşuşdy
2023-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň Ilat ýagdaýy we ösüşi boýunça halkara konferensiýasynyň Hereketler maksatnamasyny amala aşyrmakda Türkmenistanyň gazanan üstünliklerini ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlanan milli maslahata gatnaşmak üçin Aşgabada gelen UNFPA-nyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin direktory Florens Bauer bilen duşuşygy geçirildi.
09.09.2023
7793
Türkmenistan Anwar Gargaş adyndaky Diplomatik akademiýasy bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge maksat edinýär
023-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, iş sapary bilen Aşgabat şäherine gelen Anwar Gargaş adyndaky Diplomatik akademiýasynyň (BAE) baş direktory Nikolaý Mladenow bilen gepleşikleri geçirdi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berýär.