Hyzmatdaşlyk
12.07.2023
5067
Türkmenistanda wodorod energetika pudagyny ösdürmek boýunça pudagara iş toparynyň nobatdaky mejlisi gecirildi
2023-nji ýylyň 11-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda wodorod energetikasy pudagyny ösdürmek boýunça pudagara iş toparynyň 2-nji mejlisi geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berýär.
11.07.2023
4071
Türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2023-nji ýylyň 11-nji iýulynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýaponiýanyň Daşary işler ministriniň parlament işleri boýunça orunbasary Ýumi Ýoşikawa bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
10.07.2023
3359
ÝHHG-niň metbugat azatlygy boýunça wekili bilen hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Şu gün, 2023-nji ýylyň 10-njy iýulynda, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň metbugat azatlygy boýunça wekili Tereza Ribeýro bilen gepleşikler geçirdi.
06.07.2023
3704
Aşgabatda Merkezi Aziýa sebitinde neşe serişdeleriniň ýaýradylmagynyň öňüni almak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2023-nji ýylyň 5-nji iýulynda Aşgabatda «Ýyldyz» myhmanhanasynda Merkezi Aziýada neşe serişdelerine garşy göreşmek maksatnamasynyň (CADAP) 7-nji tapgyrynyň Ýolbaşçy toparynyň ikinji mejlisi geçirildi.
06.07.2023
3994
Türkmenistanyň wekiliýeti ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň nobatdaky mejlisine gatnaşdy
2023-nji ýylyň 30-njy iýunyndan 4-nji iýuly aralygynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiň başlygy B.Muhammedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Kanadanyň Wankuwer şäherinde geçirilen ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň nobatdaky 30-njy mejlisine gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
06.07.2023
4741
Aşgabatda türkmen-britan syýasy geňeşmeler geçirildi
2023-nji ýylyň 5-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Aşgabada iş sapary bilen gelen Beýik Britaniýanyň Daşary işler, arkalaşyk we ösüş ministriniň parlament orunbasary Leo Doherti bilen gepleşikleri geçirdi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berýär.
06.07.2023
3429
Hormatly Prezidentimiz döwletimiziň ŞHG bilen giňden hyzmatdaşlyga berk ygrarlydygyny beýan etdi
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Sammitinde sanly ulgam arkaly çykyş edip, Türkmenistanyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen giňden hyzmatdaşlyga berk ygrarlydygyny beýan etdi.
05.07.2023
2860
Türkmenistan ŞHG-ä agza döwletlere gatnaşyklaryň bäş ugruny teklip etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Sammitinde sanly ulgam arkaly çykyş edip, işleriň birnäçe anyk ugurlaryna üns bermegi teklip etdi.
05.07.2023
3736
Türkmenistan ŞHG bilen parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde hyzmatdaşlyga taýýardyr
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Sammitinde sanly ulgam arkaly çykyş edip, ŞHG bilen gatnaşyklaryň biziň ýurdumyz üçin halkara hyzmatdaşlygyň strategiýasynyň möhüm bölegi bolup durýandygyny aýtdy.
04.07.2023
4935
Türkmenistanda Tunis Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Tunis Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Tarak ben Salemden ynanç hatyny kabul etdi.