Hyzmatdaşlyk
03.03.2023
5119
Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Adam hukuklary boýunça komitetiniň mejlisiniň işine gatnaşdy
2023-nji ýylyň 1-2-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça komitetiniň 137-nji mejlisiniň işine gatnaşdy.
03.03.2023
5675
Türkmen-eýran gümrük hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürilýär
2023-nji ýylyň 28-nji fewralynda türkmen-eýran döwlet serhedinde ýerleşýän «Howdan-Bajgyran» gözegçilik-geçiriş ýerinde, iki ýurduň gümrük edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş duşuşygy we gepleşikler geçirildi. Duşuşykda türkmen-eýran gümrük hyzmatdaşlygyny mundan beýläk hem ösdürmegiň möhüm meselelerine we ileri tutulýan ugurlaryna seredildi. Bu barada ýurdumyzyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi web-saýtynda habar berilýär.
01.03.2023
6772
Türkmenistanyň wekiliýeti «C5+1» formatynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygyna gatnaşdy
2023-nji ýylyň 28-nji fewralynda Astanada Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-nyň «С5+1» formatynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň nobatdaky duşuşygyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
01.03.2023
7131
Türkmenistanyň Daşary işler ministri ABŞ-nyň Döwlet sekretary bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, «C5+1» formatdaky mejlisiň çäklerinde ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinkeniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşdy. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berýär.
01.03.2023
6104
Türkmenistanyň DIM-nde Ysraýylyň wekiliýeti kabul edildi
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň, Aşgabada sapar bilen gelen, Ysraýyl Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň Ýewraziýa we Günbatar Balkan ýurtlary bölüminiň ýolbaşçysy Ýuwal Fuhsah bilen duşuşygy geçirildi.
28.02.2023
4982
Sebitde parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmak ugrunda
Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Mejlisiniň, Daşary işler ministrliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyňdyr wekilleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda “Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi — sebitde parahatçylygyň, durnuklylygyň, howpsuzlygyň berk binýady” atly maslahat geçirildi.
28.02.2023
5702
Türkmenistanyň DIM-nde BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen resminamalaryň toplumyna gol çekildi
2023-nji ýylyň 27-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň we Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň (UNDP), Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň (UNFPA) hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF) Türkmenistandaky wekilhanalarynyň arasynda resminamalara gol çekişmek dabarasy geçirildi.
27.02.2023
5919
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary GDA-nyň Ýolçularynyň Hökümetara Geňeşiniň Başlygy bilen duşuşdy
2023-nji ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew GDA-nyň Ýolçularynyň Hökümetara Geňeşiniň Başlygy Buri Karimow bilen duşuşdy. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berýär.
24.02.2023
6349
Türkmenistan Ählumumy ýaşyl ösüş instituty bilen hyzmatdaşlygy ösdürýär
2023-nji ýylyň 23-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Daşary işler ministrliginde Ählumumy ýaşyl ösüş institutynyň (GGGI) baş direktory Frank Riisberman bilen duşuşdy. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berýär.
22.02.2023
6328
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogyna ygrarlylyk tassyklanyldy
Şu gün Türkmenistanyň Mejlisinde Aşgabatda öz işini tamamlaýan BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German bilen zenanlaryň duşuşygy geçirildi. Oňa Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň medeniýet ulgamyna gözegçilik edýän orunbasary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.