Hyzmatdaşlyk
07.07.2022
5512
Türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça özara maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Aşgabada iş sapary bilen gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarowyň baştutanlygyndaky wekilýeti bilen duşuşyk geçirdi.
06.07.2022
6008
Türkmenistanyň Daşary işler ministri ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçisini kabul etdi
5-nji iýulda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Ilçisi Metýu Stiwen Klimowyň arasynda duşuşyk geçirildi.
05.07.2022
4439
DIM-de Bütindünýä Söwda Guramasynyň Baş direktorynyň orunbasary bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň Aşgabada iş sapary bilen gelen Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG) Baş direktorynyň orunbasary Çjan Sýançen bilen duşuşygy geçirildi.
01.07.2022
6475
Türkmenistan — Türkiýe: özara bähbitli hyzmatdaşlyk ösdürilýär
Şu gün paýtagtymyzda ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, şeýle-de Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Fuat Oktaýyň ýolbaşçylygynda ýurdumyza gelen wekilçilikli toparyň gatnaşmagynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň 6-njy mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda taraplar söwda-ykdysady ulgam boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini we sazlaşykly ösdürilýändigini aýratyn nygtadylar. Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde bilelikdäki hökümetara topara möhüm ornuň degişlidigi bellenildi.
01.07.2022
5390
Hanoýda türkmen-wýetnam işewürler maslahaty geçirildi
2022-nji ýylyň 29-njy iýunynda Türkmenistanyň wekilýetiniň iş saparynyň çäklerinde Wýetnamyň paýtagtynda ýerleşýän «Melia» myhmanhanasynda türkmen-wýetnam işewürler maslahaty geçirildi.
30.06.2022
5589
Türkmenistan Hazarýaka döwletleriň işewür hyzmatdaşlyk Geňeşini döretmegi teklip edýär
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hazarýaka döwletleriň işewür hyzmatdaşlyk Geňeşini döretmegi teklip etdi. Bu başlangyjy Döwlet Baştutanymyz Aşgabatda geçirilen altynjy Hazar Sammitinde öňe sürdi. Hormatly Prezidentimiz sammitindäki çykyşynda sebitiň ýurtlary üçin Hazar önümçikik birleşmesi wajyp mesele bolup durýar diýip nygtady.
29.06.2022
4954
Altynjy Hazar sammitiniň Beýanaty
2022-nji ýylyň 29-njy iýunynda Aşgabatda altynjy Hazar sammiti geçirildi, oňa Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gatnaşdylar.
28.06.2022
4792
Hazar sammiti: umumy geljegiň bähbidine netijeli Gatnaşyklar
Şu gün ýurdumyzyň DIM-nde geçirilen Hazarýaka döwletleriň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisinde 29-njy iýunda Aşgabatda boljak VI Hazar sammitine taýýarlyk görmek hem-de onuň gün tertibine girizilen meseleleri ylalaşmak ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleleriň hatarynda boldy.
28.06.2022
6028
Türkmen wekilýetiniň Wýetnam hökümetiniň ykdysady toplumynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary
2022-nji ýylyň 28-nji iýunynda Hanoý şäherinde Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekilýetiniň hem-de Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Gurluşyk we Senagat we söwda ministrlikleriniň ýolbaşçy topary bilen duşuşyklary geçirildi.
28.06.2022
4673
Hanoýda Türkmenistanyň wekiliýeti Wýetnamyň Daşary işler ministriniň birinji orunbasary bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, 2022-nji ýylyň 27-nji iýunyndan 1-nji iýulyna çenli Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim we şähergurluşyk ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin Wýetnam Sosialistik Respublikasyna sapary amala aşyrýar.