Hyzmatdaşlyk
26.06.2022
4878
Ynsanperwerlik ýüki Owganystana gowşuryldy
Türkmen halky hoşniýetli goňşuçylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerip, Owganystanyň Host we Paktika welaýatlarynda bolup geçen ýertitreme zerarly heläkçilik çekenlere ynsanperwerlik kömegini bermek maksady bilen, goňşy döwletiň doganlyk halkyna azyk önümlerinden, dürli görnüşli dermanlyk we arassaçylyk serişdelerinden, köp mukdardaky hojalyk harytlaryndan ybarat bolan ynsanperwerlik ýüküni iberdi. Ol Kabul şäherine ýetirildi.
23.06.2022
8966
Türkmenistanyň DIM-de Aziýa Ösüş Bankynyň täze bellenen wekili bilen duşuşyk geçirildi
2022-nji ýylyň 23-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Aziýa Ösüş Bankynyň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň täze Direktory Artur Andrisýak bilen duşuşdy.
23.06.2022
5654
Türkmenistanyň we Saud Arabystany Patyşalygynyň DIM-leriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi
2022-nji ýylyň 23-nji iýunynda Aşgabatda Türkmenistanyň we Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi.
23.06.2022
18084
Türkmenistan ýer titreme heläkçiligine uçran Owganystana ynsanperwer kömegini iberer
2022-nji ýylyň 23-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Owganystanyň Türkmenistandaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Mohammad Fazel Saber bilen duşuşygy geçirildi.
22.06.2022
5384
Türkmenistan we BMG-niň ýanyndaky Ulag diplomatiýasynyň Halkara merkezini hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar
2022-nji ýylyň 21-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň ýanyndaky Ulag diplomatiýasynyň Halkara merkeziniň Ýerine ýetiriji sekretary Igor Runow bilen onlaýn duşuşygy geçirildi.
22.06.2022
6475
Wenada Türkmenistan – YHHG ulag we logistika ösüşi ulgamynda tema boçunça sebitleýin maslahat geçirildi
2022-nji ýylyň 20-nji iýunynda Wena şäherinde «Türkmenistan – ÝHHG: transport we logistika ösüş ulgamynda sebitleýin hyzmatdaşlyk» ady bilen onlaýn formatda sebitleýin maslahat geçirildi.
17.06.2022
6680
Türkmenistanyň wekiliýeti Almatyda Durnukly ösüş maksatlary boýunça sebitleýin sammitiň işine gatnaşýar
2022-nji ýylyň 16-njy iýunynda Almaty şäherinde «COVID-den azat - Merkezi Aziýada adalatly dikeldiş ýolunda» atly tema bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynda Durnukly ösüş maksatlary boýunça ikinji sebitleýin Sammit öz işine başlady.
17.06.2022
8066
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary bilen HHR-nyň Ilçisiniň arasyndaky duşuşyk
2022-nji ýylyň 16-njy iýunynda Türkmenistanyň DIM-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Ç.Rüstemowanyň Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sýan Naýçen bilen duşuşygy geçirildi.
16.06.2022
6190
Manamada türkmen-bahreýn syýasy geňeşmeleri geçirildi
2022-nji ýylyň 14-nji iýunynda Manama şäherinde Türkmenistanyň we Bahreýn Patyşalygynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda nobatdaky syýasy geňeşmeleri geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew, bahreýn tarapyna Bahreýn Patyşalygynyň Daşary işler minsitriniň Halkara işleri boýunça orunbasary Şeýh Abdulla bin Ahmed bin Abdulla Al Halifa ýolbaşçylyk etdiler. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.
14.06.2022
6054
Türkmenistanyň we Saud Arabystanynyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
13-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministri Faýsal bin Farhan Al Saud bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.