Hyzmatdaşlyk
10.12.2022
6720
Bäşinji Merkezi Aziýa bilermenler forumy
Şu gün paýtagtymyzda “Merkezi Aziýa sebitinde howanyň üýtgemegi, suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek we maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary bilen baglanyşykly meseleler boýunça sebitleýin hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary” ady bilen, bäşinji Merkezi Aziýa bilermenler maslahaty geçirildi. Forumy Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň goldaw bermeginde gurady.
07.12.2022
6126
Daşary işler ministrlikleriniň arasynda türkmen-rus hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekildi
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça türkmen wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasyna saparynyň çäklerinde iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary tarapyndan Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda 2023-2024-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekildi.
06.12.2022
6028
Bakuda türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygyny berkitmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2022-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow Azerbaýjana iş sapary bilen bardy. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Wise-premýeri, Daşary işler ministri Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ylham Aliýew tarapyndan kabul edildi.
02.12.2022
7412
Türkmenistanyň wekiliýeti HMG-niň Geňeşiniň 113-nji sessiýasyna gatnaşdy
29-njy noýabrda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekilýeti Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde geçirilen Halkara Migrasiýa Guramanyň (HMG) Geňeşiniň 113-nji sessiýasyna gatnaşdy.
30.11.2022
6483
Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň mejlisi
Şu gün paýtagtymyzda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 11-nji mejlisi geçirildi. Oňa iki ýurduň birnäçe döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Nobatdaky mejlisiň gün tertibine ozal gazanylan ylalaşyklary, hususan-da, geçen mejlislerde öňe sürlen teklipleri iş ýüzünde ýerine ýetirmek, sazlaşykly ösýän hyzmatdaşlygyň geljekki täze ugurlaryny kesgitlemek meseleleri girizildi.
30.11.2022
5973
Türkmenistanyň we Türkiýäniň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi
2022-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Ankarada Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
28.11.2022
6062
Türkmenistanyň wekiliýeti Duşenbede geçirilen AHHG-nyň Müdiriýetiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy
2022-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Duşenbe şäherinde Araly Halas etmegiň Halkara Gaznasynyň (AHHG) Müdiriýetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Çärede Türkmenistanyň wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Annageldi Ýazmyradow ýolbaşçylyk etdi.
28.11.2022
6641
Owganystanyň Farýab welaýatynyň Garamgol etrabynyň Saglyk öýüniň durkunyň düýpli abatlanylmagy we ynsanperwer kömegi berilmegi bilen bagly geçirilen dabaraly çäre
2022-nji ýylyň 26-njy noýabrynda Türkmenistanyň Owganystandaky Baş konsullygyň gurnamagynda dabaraly resmi çäre geçirildi.
26.11.2022
5385
Türkmenistanyň DIM-nde Adam hukuklary boýunça «Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi» Dialogynyň mejlisi geçirildi
2022-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Adam hukuklary boýunça «Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi» Dialogynyň 14-nji mejlisi geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berýär.
25.11.2022
6434
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministri bilen telefon arkaly gepleşigi geçirildi
2022-nji ýylyň 24-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministri Pak Jin bilen telefon arkaly gepleşigi geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berýär.