Hyzmatdaşlyk
24.11.2022
5752
Aşgabatda ýaşyl we wodorod energetikasy hem-de metanyň zyňyndylary ugurlary boýunça Türkmenistanyň we ÝB-niň bilelikdäki maslahaty geçirildi
2022-nji ýylyň 22-23-nji noýabrynda Aşgabatda «Ýaşyl energetika we ÝB-niň wodorodyň ulanylmagy we metanyň zyňyndylarynyň azaldylmagy boýunça strategiýasy» temasy bilen Ýewropa Bileleşiginiň we Türkmenistanyň bilelikdäki maslahaty geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.
22.11.2022
6919
Türkmenistanyň DIM-nde BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk boýunça Müdirliginiň sebitleýin wekilhanasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi
2022-nji ýylyň 21-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew Aşgabada iş sapary bilen gelen BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk boýunça Müdirliginiň Merkezi Aziýada sebitleýin wekili hanym Aşita Mittalyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirdi.
21.11.2022
5289
Türkmenistanyň we BAE-niň Baştutanlary gapma-garşylyklaryň öňüni almakda BMG-niň ähmiýetini nygtadylar
Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň Baştutanlary gapma-garşylyklary duýdurmagyň we olaryň öňüni almagyň meselelerini çözmekde Birleşen Milletler Guramasynyň merkezi ornuny pugtalandyrmakda aýratyn ähmiýetini bellediler.
18.11.2022
5729
Türkmenistanyň wekiliýeti Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa düzümdäki daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy
2022-nji ýylyň 17-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti Samarkant şäherinde geçirilen Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa düzümdäki Daşary işler ministrleriniň 18-nji duşuşygyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
17.11.2022
5501
Türkmensitanyň DIM-niň ýolbaşçysynyň nemes kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşygy geçirildi
2022-nji ýylyň 17-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Goetzpartners Corporate Finans GmbH we Prodoehl Consult GmbH nemes kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde duşuşygy geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berýär.
15.11.2022
4895
Türkmen-rus strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrylýar
Şu gün Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň başlyklarynyň duşuşygy boldy. Gün tertibine söwda-ykdysady we maliýe-bank, ýangyç-energetika toplumy, ulag-aragatnaşyk, logistika, senagat ulgamlarynda, oba hojalygynda hem-de özara gyzyklanma bildirilýän, beýleki ileri tutulýan ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň geljegine degişli meseleleriň giň toplumy girizildi.
11.11.2022
6242
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Owganystanyň halkyna umumymilli ylalaşygy gazanmak üçin şertleri döretmäge çagyrdy
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystanyň halkyna umumymilli ylalaşygy gazanmak üçin şertleri döretmäge çagyrdy.
10.11.2022
6658
«Hytaý goşmak Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bäşisi» formaty – sebit durnuklylygynyň şerti
Golaýda Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň hünärmenleri we bilermenleri onlaýn görnüşde «Hytaý goşmak Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bäşisi» analitlik merkezleriniň ikinji forumyna gatnaşdylar.
08.11.2022
6625
Türkmenistan we BMG adam hukuklar babatynda hyzmatdaşlygy kämilleşdirýärler
2022-nji ýylyň 7-nji noýabrynda Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň Merkezi Aziýa boýunça edarasynyň sebit wekili Rişard Komenda bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berýär.
05.11.2022
6625
Türkmenistan bilen BMG-niň gurluşlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2022-nji ýylyň 3-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň sebit agentlikleriniň ýolbaşçylary bilen duşuşygy gibrid görnüşde geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berýär.