Hyzmatdaşlyk
14.06.2022
6218
Türkmenistanyň we Saud Arabystanynyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
13-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministri Faýsal bin Farhan Al Saud bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.
08.06.2022
7434
Nur-Sultanda «Merkezi Aziýa – Hytaý» formatynda Daşary işler ministrleriniň Üçünji maslahaty tamamlandy
Şu gün Gazagystanyň Nur-Sultan şäherinde «Merkezi Aziýa – Hytaý» formatynda Daşary işler ministrleriniň Üçünji maslahaty tamamlandy. Bu barada Tükmenistanyň DIM-niň resmi web-saýtynda habar berilýär.
08.06.2022
7315
Türkmenistanyň wekiliýeti Halkara zähmet maslahatynyň sessiýasyna gatnaşdy
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri M.Sylapowyň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň wekiliýeti Halkara zähmet maslahatynyň 110-njy sessiýasyna wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.
07.06.2022
7226
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-rus toparynyň başlyklaryň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
6-njy iýunda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-rus toparynyň başlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň Orunbasary Alekseý Owerçugyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada Türkmensitanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.
07.06.2022
5545
Türkmenistanyň we Russiýanyň Daşary işler ministrleri Hazar sammitine taýýarlyk meselelere seretdiler
2022-nji ýylyň 6-njy iýunynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri S.Lawrow bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi.
01.06.2022
7005
Almatyda Merkezi Aziýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň ýörite wekilleriniň Owganystan boýunça nobatdaky duşuşygy geçirildi
Almaty şäherinde Merkezi Aziýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň ýörite wekilleriniň Owganystan boýunça nobatdaky duşuşygy geçirildi.
27.05.2022
8519
Türkmenistanyň Ilçisi BMG-niň Senagat ösüşi boýunça Guramasynyň täze bellenen Baş direktory bilen duşuşdy
2022-nji ýylyň 26-njy maýynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Wenadaky Edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili BMG-niň Senagat ösüşi boýunça Guramasynyň (UNIDO) täze bellenen Baş direktory Gerd Müller bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.
26.05.2022
8665
Türkmenistanyň wekiliýeti ÝHHG-niň Ykdysady we daşky gurşaw forumynyň mejlisine gatnaşdy
2022-nji ýylyň 23-24-nji maýynda Polşanyň Lodz şäherinde geçirilen Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň (ÝHHG) Ykdysady we daşky gurşaw forumynyň 2-nji taýýarlyk mejlisine Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.
25.05.2022
6598
Türkmenistan we Eýran ykdysady hyzmatdaşlygyň giňeldilmegini ara alyp maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mehdi Safari bilen duşuşygy geçirildi.
24.05.2022
5701
Tähranda YHG-nyň agza-ýurtlarynyň wekilleriniň mejlisi geçirilýär
2022-nji ýylyň 23-nji maýynda Tähranda YHG-niň Sekretariatynda «YHG-niň netijeliligini ýokarlandyrmak we tanymallygyny artdyrmak» atly mowzuk bilen iş duşuşygy öz işine başlady. Mejlis agza döwletleriň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde geçirilýär. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.