Hyzmatdaşlyk
07.07.2021
4793
Hazarýaka ýurtlaryň Baş prokurorlary Hazaryň ekologiýasynyň goragy boýunça jarnama gol çekdiler
Russiýanyň, Eýranyň, Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Azerbaýjanyň Baş prokurorlary daşky gurşawyň goragy we Hazar deňziniň tebigy gorlaryny ulanmak barada jarnama Sank-Peterburgda gol çekdiler.
07.07.2021
3559
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar
Şu gün Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Owganystan meselesi boýunça wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşyk Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi bilen bilelikde guraldy.
03.07.2021
9042
Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär
Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi bilen dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürýär. Bu hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary barada Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri R. Meredow hökümet mejlisinde wideo aragatnaşygy arkaly gürrüň berdi.
03.07.2021
3619
Türkmenistan howpsuzlyk meseleleri boýunça «ÝB –Merkezi Aziýa» duşuşygyna gatnaşdy
Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajyýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekilýeti Daşkentde daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlarynyň derejesinde geçirilen syýasat we howpsuzlyk meseleleri boýunça Ýokary derejeli «ÝB –Merkezi Aziýa» duşuşygynyň nobatdaky tapgyryna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM habar berýär.
03.07.2021
3879
Meredow we Çawusoglu Türkiýäniň Prezidentiniň Türkmenistana saparyna taýýarlyk meselesini ara alyp maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň Daşary işler ministri R. Meredow we Türkiýäniň Daşary işler ministri M. Çawusoglu Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň Türkmenistana saparyna taýýarlyk meselesini telefon arkaly ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
02.07.2021
5852
Türkmenistanyň energetika ministri GDA-nyň Elektroenergetika Geňeşiniň wise-prezidentligine saýlanyldy
GDA ýurtlarynyň Elektroenergetika Geňeşiniň (EEG) wideomaslahat görnüşinde geçirilen nobatdan daşary geňeşine Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarus Respublikasynyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Moldowanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň ugurdaş ministrlikleriniň hem-de milli elektroenergetika kompaniýalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
30.06.2021
3261
Halkara mediaforum: sebitleýin hyzmatdaşlyk ösdürilýär
Şu gün ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda syýasatşynaslaryň we žurnalistleriň gatnaşmagynda sebit hyzmatdaşlygyna bagyşlanan halkara mediaforum geçirildi.
29.06.2021
3859
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky duşuşyklar
Şu gün Milli Geňeşiň Mejlisinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Baş sekretary Hadi Soleýmanpur bilen duşuşyk geçirildi.
29.06.2021
3185
Türkmenistan Gyrgyzystana hyzmatdaşlygy ösdürmegi teklip etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabada resmi sapar bilen gelen Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen gepleşikleriň barşynda energetika we ulag pudaklarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegi teklip etdi.
26.06.2021
3745
Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň Prezidentleri Aşgabatda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda Gyrgyzystanyň Prezidenti S.Žaparow bilen gepleşikler geçirer, ol 27-28-nji iýunda Türkmenistana resmi sapar bilen geler.