Hyzmatdaşlyk
20.05.2021
2831
Türkmenistan Hazar sebitiniň innowasion ösüş maslahatyna gatnaşar
26 – 28-nji maý aralygynda Astrahanda «Hazar 2021: durnukly ösüş ýollary» atly Halkara ylmy forum geçiriler.
19.05.2021
4342
Adam hukuklary boýunça hereketleriň milli meýilnamasyny durmuşa geçirmek ara alnyp maslahatlaşyldy
Şu gün Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda “Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň” ýerine ýetirilmegine bagyşlanan maslahat geçirildi.
19.05.2021
5121
Gresiýa Türkmenistan bilen ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy göz öňünde tutýar
Gresiýa Türkmenistan bilen ýakyndan hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýär, ol ikitaraplaýyn söwdany diwersifikasiýalaşdyrmagyň we maýa goýum gatnaşyklaryny berkitmegiň täze ýollaryny öwrenmegi dowam etdirer. Bu barada Trend habarlar agentligi Gresiýanyň Daşary işler ministrligine salgylanyp habar berýär.
19.05.2021
5934
Metýu Braýza - «Dostluk» ýatagy boýunça ylalaşyk türkmen gazynyň Günbatara eksport edilmegine mümkinçilik döreder
Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda Hazar deňzindäki «Dostluk» nebit-gaz ýatagy babatda ylalaşygyň gazanylmagy türkmen gazynyň Günbatara iberilmegine mümkinçilik döredýär. Bu barada Amerikanyň Azerbaýjandaky ozalky ilçisi, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň Ýewropa we Ýewraziýa işleri boýunça kömekçisiniň ozalky orunbasary Metýu Braýza Report azerbaýjan saýtynyň soraglaryna beren jogabynda aýtdy.
18.05.2021
5508
Tbilisiniň teleýaýlym diňi tükmen baýdagynyň reňkleri bilen şöhlelendirildi
2021-nji ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygyyň 30 ýyllygy, şeýle hem Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Tbilisi şäher häkimligi Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasynyň ýardam bermeginde Tbilisi teleýaýlym diňini Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň reňkleri bilen şöhlelendirdi.
17.05.2021
3638
BMG-nyň bosgunlaryň işi boýunça Agentligi Türkmenistanyň COVID-19 garşy sanjymyň elýeterliligini üpjün etmegine oňyn baha berdi
BMG-nyň bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň Müdirýeti (BMG BÝKM) Merkezi Aziýa ýurtlaryna, şol sanda Türkmenistana gaçybatalga gözleýänleri, bosgunlary we raýatlygy bolmadyklary hem COVID-19 garşy sanjym etmek meýilnamasyna goşandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi.
17.05.2021
2914
ÝET, senagat we söwda ulgamlarynda türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygynyň geljegine garaldy
2021-nji ýylyň 17-nji maýynda Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowyň Aşgabada iş sapary bilen gelen Gyrgyz Respublikasynyň energetika we senagat ministri Kubanyçbek Turdubaýew bilen duşuşygy geçirildi.
17.05.2021
4171
Tbiliside Magtymguly Pyraga bagyşlanan onlaýn maslahat geçirildi
2021-nji ýylyň 17-nji maýynda beýik türkmen akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy onlaýn maslahat geçirdi.
16.05.2021
2373
Türkmenistanyň we Owganystanyň DIM-niň ýolbaşçylary telefon arkaly ikitaraplaýyn we sebit meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar
15-nji maýdа wise-premýer, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Mohammad Hanif Atmar bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi.
15.05.2021
3656
Bikanun gazanylan pullary kanunlaşdyrmaga garşy durmak milli ulgamy kämilleşdirilýär
ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkezi Türkmenistanda bikanun gazanylan pullary kanunlaşdyrmak babatda töwekgelçiliklere mili baha bermek, terrorçylygy maliýeleşdirmäge we köpçülikleýin gyryş ýaraglaryny ýaýratmaga garşy durmak (BGPK/TM/KGÝÝ) babatda ikinji hasabaty hem-de Töwekgelçilikleri dolandyrmak boýunça hereketleriň meýilnamasy (TDHM) bilen tanyşdyrdy.