Hyzmatdaşlyk
15.05.2021
3758
Kiýewdäki türkmen diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy halkara talyplar forumynyň umumy mejlisine gatnaşdy
Kiýewiň Taras Şewçenko adyndaky milli uniwersiteti 14-nji maýda onlaýn görnüşde daşary ýurtly talyplar üçin «Ukraina we dünýä: magaryf-medeni giňişlik» atly III halkara maslahatyny geçirdi.
15.05.2021
1764
Türkmenistan RF-iň Lipesk oblasty bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürýär
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekilleri we Lipesk oblastynyň (Russiýa Federasiýasy) Eksporta goldaw merkezi özara hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. 14-nji maýda onlaýn görnüşde guralan bu duşuşyk netijeli boldy. Bu barada “Lipeskoýe wremýa” teleradiokompaniýasynyň saýtynda habar berilýär.
14.05.2021
3612
Russiýa Merkezi Aziýa ýurtlaryndan okadyljak talyplaryň sanyny köpeldýär
Russiýa daşary ýurtlardan, aýratynam Merkezi Aziýa ýurtlaryndan okadyljak talyplaryň sanyny köpeldýär. Bu mesele Wladimir Putiniň ýolbaşçylygynda geçirilen Russiýa hökümetiniň mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň ýazgysy RF-iň prezidentiniň Kremlin.ru resmi internet-wekilhanasynda çap edildi.
13.05.2021
3349
Hytaý Merkezi Aziýa ýurtlaryny Owganystanda parahatçylygy berkarar etmekde kömek bermäge çagyrdy
Hytaýyň DIM-niň ýolbaşçysy Wan I Merkezi Aziýa ýurtlaryny Owganystan Yslam Respublikasynda parahatçylygy kadalaşdyrmaga kömek bermäge çagyrdy. «Афганистан.Ру» habarlar portalynyň habaryna görä, Wan I «Merkezi Aziýa-Hytaý» görnüşde daşary işler ministrleriniň duşuşygynda şeýle çagyryş bilen çykyş etdi. Onuň aýtmagyna görä, OYR-da parahatçylygy ilerletmäge hiç bir gyssagly hereketler päsgel bermez ýaly daşary ýurt goşunlary bu ýurtdan guramaçylykly we jogapkärli çykarylmalydyr.
12.05.2021
3334
Türkmenistan we Hytaý strategik hyzmatdaşlygyň kuwwatyny artdyrýarlar
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Buýrugy bilen, ýurdumyzyň wekiliýeti 10-njy maýda HHR-iň Sian şäherine iş saparyna ugradyldy. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy S.Berdimuhamedowyň HHR-iň Döwlet Geňeşiniň agzasy, daşary işler ministri Wan I bilen duşuşygy geçirildi.
12.05.2021
4530
Terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we guramaçylykly jenaýatlara garşy göreş boýunça ÝHHG-nyň sebitleýin maslahaty
2021-nji ýylyň 11-nji maýynda ÝHHG-nyň terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we guramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreş boýunça sebitleýin maslahaty geçirildi.
11.05.2021
5285
Ýurdumyzyň nebitgaz ulgamyna maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum
Şu gün Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça bu forum “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy hem-de Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan geçirildi.
11.05.2021
3491
Halkara nebit-gaz maýa goýum forumyna Aşgabada 42 ýurtdan 500 wekil geler
12-13-nji maýda Aşgabatda, Söwda-senagat edarasynyň binasynda daşary ýurt maýa goýumlaryny Türkmenistanyň nebit-gaz pudagyna çekmek boýunça Halkara forumy geçiriler.
09.05.2021
5033
Türkmenistan – Hytaý: strategik hyzmatdaşlyk ýoly bilen
Şu gün DIM-de Aşgabada iş sapary bilen gelen Hytaý Halk Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Le Ýuýçen bilen duşuşyk geçirildi.
09.05.2021
3661
Türkmenistana Hytaýyň “CoronaVac” sanjymy getirildi
Şu gün COVID-19 ýiti ýokanç keseline garşy Hytaýyň «Sinovac» kompaniýasy tarapyndan işlenilip taýýarlanylan “CoronaVac” waksinasynyň uly tapgyry Türkmenistana getirildi. Dünýäniň ençeme ýurtlarynda geçirilen kliniki barlaglaryň netijesinde, bu waksina özüniň ýokary netijeliligini we howpsuzdygyny subut etdi.