mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hyzmatdaşlyk

news-photo

02.04.2021

total-veiw

4503

Dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine eýerip

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň degişli Buýrugynyň esasynda özara hormat goýmak we özara kömek bermek ýörelgelerinden ugur alyp, Türkmenistan dostlugyň hem-de hoşniýetli goňşuçylygyň nyşany hökmünde Russiýa Federasiýasynyň Astrahan welaýatyna ynsanperwerlik ýüküni ugratdy.


news-photo

02.04.2021

total-veiw

3088

Ýerewan metropoliteninde Türkmenistana bagyşlanan fotosergi açyldy

Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky ilçihanasy DIM-niň, Ýerewanyň meriýasynyň we Ýerewanyň Karen Demirçýan adyndaky metropoliteniniň  goldaw bermegninde biziň ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan «Тürkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly fotosergini gurady. 

news-photo

01.04.2021

total-veiw

4387

Türkmenistan – Russiýa: özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýoly bilen

Mälim bolşy ýaly, 30-njy martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurdumyzyň wekiliýeti 30-njy martdan 2-nji aprel aralygynda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus Hökümetara toparynyň ýolbaşçylarynyň duşuşyklaryny, iki ýurduň daşary işler ministrleriniň arasynda syýasy geňeşmeleri geçirmek maksady bilen Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherine iş saparyna ugradyldy. Şeýle hem saparyň meýilnamasynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak we Russiýanyň döwlet edaralarynyň wekilleri bilen hyzmatdaşlyk hakyndaky resminamalara gol çekmek bellenildi.

news-photo

31.03.2021

total-veiw

2722

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar

Fransiýanyň “MEDEF International” telekeçiler assosiasiýasy we iki ýurduň diplomatik wekilhanalary tarapyndan guralan ýörite okuw maslahaty oba hojalyk pudagynda türkmen-fransuz hyzmatdaşlygyna bagyşlandy.

news-photo

26.03.2021

total-veiw

5262

Türkmenistan Russiýanyň Ulýanowsk oblasty bilen hyzmatdaşlygy ösdürýär

Türkmenistanyň Kazandaky (Russiýa Federasiýasy) Baş konsuly Atadurdy Baýramow Ulýanowsk oblastyna iş sapary bilen bardy, ol bu ýerde oblastyň gubernatory Sergeý Morozow, şeýle hem  I.N. Ulýanow adyndaky Ulýanowsk döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň (UlDMU) rektory Igor Petrişşew bilen gepleşikler geçirdi.

news-photo

26.03.2021

total-veiw

19275

Astrahanyň lukmançylyk uniwersiteti Türkmenistanyň lukmançylyk uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýär

Türkmensitanyň Astrahandaky (Russiýa Federasiýasy) konsuly Güýç Garaýew Astrahan döwlet lukmançylyk  uniwersitetine baryp gördi we bu ýokary okyw mekdebiniň rektory Olga Başkina bilen  duşuşyk geçirdi.

news-photo

26.03.2021

total-veiw

4100

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk

Mejlisiň wekilleri Parlamentara birleşigiň 22 — 26-njy mart aralygynda wideoaragatnaşyk arkaly «Parlamentariler üçin maslahat» atly bäş günlük maglumat forumyna gatnaşdylar.

news-photo

25.03.2021

total-veiw

2753

Onlaýn-duşuşygyň gün tertibinde - türkmen-russiýa ykdysady gatnaşyklarynyň geljegi

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-rus toparynyň çäklerinde söwda we maýa goýumlaryna goldaw bermek boýunça ýokary derejeli toparyň sekizinji mejlisi geçirildi.

news-photo

25.03.2021

total-veiw

3215

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk

Şu gün türkmen-ýapon komitetiniň ýapon tarapyndan başlygy, “Itochu Corporation” kompaniýasynyň dolandyryjy direktory Hiroýuki Subaý bilen DIM-de wideomaslahat görnüşinde duşuşyk geçirilip, onda köpýyllyk hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyga ýurdumyzyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň hem-de “Sumitomo Corporation” ýapon kompaniýasynyň ýolbaşçylary hem gatnaşdylar.

news-photo

25.03.2021

total-veiw

3192

Brifingiň temasy – Owganystanda parahatçylyk prosesiniň ösüşi

Owganystan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy «Owganystanyň parahatçylyk prosesi: häzirki ýagdaýy,meseleleri we çözgütleri» atly onlaýn-brifing gurady.

...444