Hyzmatdaşlyk
24.03.2021
8274
Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça Pudagara toparynyň mejlisi
Şu gün Daşary işler ministrliginde adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy ulgamynda Türkmenistanyň halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmegi üpjün etmek boýunça Pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi.
24.03.2021
3460
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk
Şu gün Daşary işler ministrliginde wideoaragatnaşyk arkaly “Häzirki zaman dünýäsinde parahatçylygyň we ynanyşmagyň derwaýyslygy” atly metbugat maslahaty geçirildi.
24.03.2021
3870
TOHU-nyň kafedra müdiri Ermenistanyň agrar uniwersitetiniň talyplaryna onlaýn görnüşde umumy sapak berdi
Türkmen Oba hojalyk uniwersiteti (TOHU) bilen Ermenistanyň Agrar milli uniwersitetiniň arasyndaky Ylalaşygy durmuşa geçirmek jähtinden bilelikdäki wideosapaklar tapgyry guraldy. Onuň çäklerinde 24-nji martda TOHU-nyň bagçylyk, üzümçilik we gök ekarançylyk kafedrasynyň müdiri, ylymlaryň kandidaty Merdan Pirlekow Ermenistanyň agrar ýokary okuw mekdebiniň talyplaryna «Goragly toprakda daşky gurşawyň faktorlaryny düzgünleşdirmek we olary dolandyrmagyň ulgamlary» temasyndan umumy sapak okady.
23.03.2021
4168
Türkmenistan energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýär
Wideomaslahat aragatnaşygy arkaly Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Berdinyýaz Mätiýewiň Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentliginiň (IRENA) baş direktory Françesko La Kamera bilen duşuşygy geçirildi.
23.03.2021
4272
Aziýa we Ýuwaş Umman sebitinde Durnukly ösüş maksatnamasyny durmuşa geçirmek: milli tejribeler we goşulyşma
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň wekilleri wideoaragatnaşygy arkaly Aziýa we Ýuwaş Umman sebiti boýunça Ykdysady we durmuş komissiýasynyň (UNESCAP) howandarlygynda Aziýa we Ýuwaş Umman sebiti üçin Durnukly ösüş maksatlary boýunça VIII foruma gatnaşdylar.
22.03.2021
12770
Halkara Nowruz gününe bagyşlanmalar: medeniýetleriň gatnaşygy we umumy adamzat gymmatlyklary
Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalary Nowruz baýramy mynasybetli tematiki çäreleri guradylar. Mälim bolşy ýaly, bu baýram ÝuNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň Bütindünýä sanawyna girizilendir.
21.03.2021
4765
Kowçum ýaşaýan türkmenleriň wekilleri Kazanda geçirilen baýramçylyk çäresine gatnaşdylar
Kazanda (RF-iň Tatarystan Respublikasy) Halkara Nowruz gününe bagyşlanan çäräniň çäklerinde türkmen halkynyň medeniýeti we özboluşly däpleri bilen tanyşdyryldy.
20.03.2021
7503
Rumyniýanyň ilaty türkmen halkynyň taryhy, medeniýeti we däpleri bilen tanyşýar
19-njy martda Buharestde Halkara Nowruz gününe bagyşlanan sergi açyldy. Çäräni Türkmenistanyň we Eýranyň Rumyniýadaky diplomatik wekilhahalary Dmitriýe Gusti adyndaky Oba milli muzeýiniň ýardam bermeginde guradylar.
20.03.2021
3044
Ýaponiýanyň DIM-niň ýolbaşçysy bagt we abadançylyk baradaky arzuwlaryny beýan etdi
Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň saýtynda Halkara Nowruz güni mynasybetli Ýaponiýanyň daşary işler ministri Tosimisu Moteginiň haty çap edildi.
18.03.2021
6262
Türkmenistanyň Kazandaky Baş konsuly we Naberežnyýe Çelnynyň mugallymçylyk uniwersitetiniň rektory hyzmatdaşlygyň ugurlaryna garadylar
Naberežnyýe Çelny şäherinde (RF-iň Tatarystan Respublikasy) Türkmenistanyň Kazandaky Baş konsuly Atadurdy Baýramowyň Naberežnyý Çelny döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň (NÇDMU) rektory Alfinur Galiakberowa bilen duşuşygy boldy.