Hyzmatdaşlyk
15.09.2025
5244
Türkmenistanda Bahreýn Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Bahreýn Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bassam Ahmed Ali Marzukdan ynanç hatyny kabul etdi.
15.09.2025
5732
Türkmenistanyň DIM-de Hazar deňzi meseleleri boýunça iş toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
2025-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Hazar deňzi meseleleri boýunça ýokary derejeli iş toparynyň on birinji mejlisi öz işine başlady.
15.09.2025
4974
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Katar Döwletiniň Döwlet ministri bilen duşuşygy
Arap-yslam ýurtlarynyň adatdan daşary sammitine taýýarlyk duşuşygynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Katar Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça Döwlet ministri Marýam bin Ali bin Naser Al-Misnadyň duşuşygy geçirildi.
15.09.2025
4319
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Katar Döwletine sapary
2025-nji ýylyň 14–15 sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Dohada, Katar Döwleti, Arap döwletleriniň Ligasynyň hem-de Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň Daşary işler ministrleriniň nobatdan daşary maslahatyna we adatdan daşary arap-yslam sammitine gatnaşmak üçin sapar bilen bolýar.
13.09.2025
5337
Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi ÝHHG-niň meýdançasynda ara alnyp maslahatlaşyldy
2025-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Türkmenistanyň ÝHHG-däki wekiliýeti ýurdumyzyň deňiz kenaryndaky Awaza şäherinde geçirilen Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça BMG-niň Üçünji maslahaty (LLDC3) boýunça netijeler ÝHHG-e agza döwletleriniň dykgatyna ýetirdi.
13.09.2025
5421
Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk derejesiniň ähmiýeti ÝHHG-niň Hemişelik Geňeşiniň mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyldy
2025-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Wena şäherinde geçirilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Hemişelik Geňeşiniň mejlisinde Türkmenistanyň wekiliýeti ÝHHG-e agza döwletleriň ünsüni halkara gatnaşyklarda hemişelik bitaraplyk ýörelgelerine ýene-de bir gezek çekdi.
12.09.2025
5898
Türkmenistan Ysraýylyň Kataryň paýtagtyna uran zarbalaryny ýazgarýar
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Ysraýyl Döwletiniň Doha şäherindäki ýaşaýyş etrabyna uran zarbalaryny ýazgarýar hem-de şeýle hereketlere Katar Döwletiniň özygtyýarlylygyna kast edilmegi we halkara hukugynyň kadalarynyň gödek bozulmagy hökmünde garaýar.
11.09.2025
5091
Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi we Suhumi döwlet uniwersitetiniň rektory hyzmatdaşlygyň geljekdäki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar
2025-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi D.Seýitmämmedow bilen Suhumi döwlet uniwersitetiniň rektory Tea Jugeliniň arasynda duşuşyk geçirildi.
11.09.2025
5844
Özbegistanda Türkmenistanyň iri lukmançylyk klasteriniň tanyşdyrylyşy geçirildi
2025-nji ýylyň 10-njy sentýabrynda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçisi Ş.Meredow bilen Özbegistan Respublikasynyň Saglygy goraýyş ministri A.Hudaýarowyň arasynda türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi.
10.09.2025
5185
BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň Merkezi Aziýa, Owganystan, Eýran we Pakistan boýunça sebitleýin wekili bilen duşuşyk
2025-nji ýylyň 10-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M. Bäşimowa bilen BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň Merkezi Aziýa, Owganystan, Eýran we Pakistan boýunça sebitleýin wekili Oliwer Ştolpeniň arasynda duşuşyk geçirildi.