mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hyzmatdaşlyk

news-photo

05.08.2026

total-veiw

2703

Türkmen wekiliýeti Yslamabatda geçirilen CAREC sanly geçelge boýunça maslahat beriş duşuşygyna gatnaşdy

2026-njy ýylyň 29–30-njy iýulynda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň wekiliýeti Yslamabat şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa Sebitleýin Ykdysady Hyzmatdaşlyk Maksatnamasynyň (CAREC) sanly geçelge boýunça maslahat beriş duşuşygyna gatnaşdy.

news-photo

05.08.2026

total-veiw

2762

Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky Ilçisi fransuz atçylyk bilermeni bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 3-nji awgustynda Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky Ilçihanasynda Ilçi M.Çaryýew Fransiýanyň Atçylyk federasiýasynyň milli tehniki bilermeni Aleksandr Gro bilen duşuşyk geçirdi.

news-photo

03.08.2026

total-veiw

3017

Türkmenistan BMG-de «Halkara hukugy we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Milli konsepsiýany hödürlär

Türkmenistan «Halkara hukugy we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Milli konsepsiýany taýýarlap, ony Birleşen Milletler Guramasynyň resminamasy hökmünde agza döwletleriniň arasynda ýaýratmagy meýilleşdirýär.

news-photo

03.08.2026

total-veiw

2428

Aşgabatda BMG-niň howandarlygynda halkara hukugy boýunça Bütindünýä forumy geçiriler

2028-nji ýylda Aşgabat şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda halkara hukugy boýunça ýokary derejeli Bütindünýä forumy geçiriler. Giň gerimli halkara çäräniň jemleri boýunça Aşgabat Jarnamasyny kabul etmek göz öňünde tutulýar.

news-photo

03.08.2026

total-veiw

2178

Türkmenistanyň Ilçisi Taýlandyň Daşary işler ministrliginde duşuşyk geçirdi

2026-njy ýylyň 31-nji iýulynda Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçisi M.Maşalowyň Taýland Patyşalygyna amala aşyran iş saparynyň çäginde Taýlandyň Daşary işler ministrliginde Günorta Aziýa, Ýakyn Gündogar we Afrika işleri boýunça Baş direktor Urasa Mongkolnawin bilen duşuşyk geçirildi.

news-photo

03.08.2026

total-veiw

1877

Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Halkara hukugynyň ýyly, 2028-nji ýyl» atly Kararnamasyny durmuşa geçirmegiň ýolunda

2026-njy ýylyň 2-nji awgustynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen «Halkara hukugynyň ýyly, 2028-nji ýyl» atly Kararnama bagyşlanan maslahat geçirildi.

news-photo

01.08.2026

total-veiw

1555

Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna ýokary jogapkärçilik bilen taýýarlanýar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Çolpon-Ata şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy.

news-photo

01.08.2026

total-veiw

1285

Türkmenistanyň Prezidenti «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek ýokary derejeli sammitiň gün tertibiniň taslamasyny hödürledi

Gyrgyz Respublikasynyň Çolpon-Ata şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl konsultatiw duşuşygynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2026-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň esasy ugurlaryny beýan etdi.

news-photo

01.08.2026

total-veiw

1062

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň ýokary derejeli wezipeli adamlarynyň mejlisine gatnaşdy

2026-njy ýylyň 31-nji iýulynda Astana şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň ýokary derejeli wezipeli adamlarynyň üçünji mejlisine gatnaşdy.

news-photo

30.07.2026

total-veiw

3613

Türkmenistanyň Ilçisi UNESCAP-yň Ýerine ýetiriji sekretary A.S. Alişahbana bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 30-njy iýulynda Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi M.Maşalow Taýland Patyşalygyna gulluk iş saparynyň çäklerinde Bangkok şäherindäki Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa we Ýuwaş umman sebiti boýunça Ykdysady we durmuş komissiýasynyň (UNESCAP) edarasynda BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, UNESCAP-yň Ýerine ýetiriji sekretary hanym Armida Salsiýa Alişahbana bilen duşuşyk geçirdi.

...444