Jemgyýet
06.06.2023
7148
Gümrük gullugynyň işgärleriniň hünär etikasy ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda hünär etikasy boýunça guralan maslahat tamamlandy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň web sahypasy habar berýär.
06.06.2023
11701
“Awaza” dynç alyş zolagyna Aşgabatdan şäherara awtobuslar gatnar
11-nji iýundan başlap Aşgabat bilen Awaza milli syýahatçylyk zolagynyň arasynda yzygiderli awtobus gatnawy ýola goýlar.
05.06.2023
7235
Tebigaty goramak — halkara tagallalary birleşdirmegiň möhüm ugry
Şu gün Türkmenistanyň Oba hojalyk toplumynyň edara binasynyň uly mejlisler zalynda “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda daşky gurşawy goramak boýunça gazanylan üstünlikler we bu ugurda halkara hyzmatdaşlyk” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
05.06.2023
8235
Türkmenistanda yssy howa garaşylýar
Öňümizdäki günlerde Türkmenistanda yssy howa bolar. Howanyň ortaça temperaturasy +40... gradusa ýeter. Hepdäniň ahyrynda birnäçe welaýatlarda gysga wagtlaýyn ýagyş ýagmagyna garaşylýar.
05.06.2023
7728
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany okyjylara ýetirildi
Bahar bilen tomsuň erňeginde okyjylar «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň bäşinji sany bilen tanyşmak, ondaky täsirli makalalary, çeper eserleri okamak mümkinçiligine eýe boldular. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýanynda döredilen elektron neşiriň täze sany «Türkmenmetbugat» web-saýty arkaly okyjylara ýetirildi.
03.06.2023
4852
Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty
Şu gün Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň ikinji maslahaty geçirildi. Onuň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna we ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan birnäçe Kanunlaryň taslamalaryna garaldy hem-de kabul edildi. Maslahata degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.
03.06.2023
4122
Daşky gurşawyň abadançylygy bagtyýar durmuşyň kepilidir
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe bagyşlanyp Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Daşoguz welaýat birleşmesi, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň welaýat komiteti we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşi guramagynda Daşoguz şäherinde maslahat geçirildi.
02.06.2023
4851
Saýlaw toparlarynyň agzalary üçin okuw maslahaty geçirildi
Arkadag şäheri möhüm jemgyýetçilik-syýasy çärä — Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesiniň Geňeş agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görýär. Ol 2023-nji ýylyň 23-nji iýulynda geçiriler.
02.06.2023
9466
Çagalar sagaldyş merkezlerinde tomusky dynç alyş möwsümi başlandy
Şu gün ýurdumyzyň ähli sebitlerinden gelen mekdep okuwçylary tomusky dynç alyş möwsüminde Köpetdagyň ajaýyp künjeginde ýerleşýän tebigy şypahana zolagy bolan Gökderä ugramak üçin paýtagtymyzyň Çagalar we ýetginjekler köşgüniň öňündäki meýdançada ýygnandylar.
02.06.2023
5575
Arkadag şäheri «Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, «ýaşyl», howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek» taslamasyna goşuldy
Türkmenistandaky ilkinji «akylly» şäher ̶ Arkadag şäheri «Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, «ýaşyl», howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek» taslamasyna goşuldy.