Jemgyýet
23.03.2023
4938
«Türkmenistanyň Adalatçysynyň Diwanynyň institusional potensialyny ýokarlandyrmak» atly bilelikdäki taslamasynyň netijeleri jemlendi
Adalatçynyň edarasynda Türkmenistanyň Adalatçysy Ýazdursun Gurbannazarowanyň we BMGÖM-üň Türkmenistandaky Hemişelik wekili hanym Narine Saakýanyň gatnaşmagynda Taslama Geňeşiniň «Türkmenistanyň Adalatçysynyň Diwanynyň institusional potensialyny ýokarlandyrmak» atly bilelikdäki taslamasynyň üstünlikli tamamlanmasyna bagyşlanan jemleýji mejlisi geçirildi. Duşuşykda esasy maksatlara we wezipelere ýetmegiň, şeýle hem 2021-2022-nji ýyllarda taslama boýunça geçirilen işleriň netijeleri jemlendi. Bu barada Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň saýtynda habar berildi.
23.03.2023
6627
Türkmenistanda demokratik saýlawlar we gender deňligi
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky merkezi topar 2023-nji ýylyň 26-njy martynda geçiriljek ählumumy demokratik saýlawlarda ýurdumyzda erkekleriň we zenanlaryň konstitusion deňhukuklylygyny görkezýän maglumatlary çap etdi. Hususan-da, saýlawlara gatnaşýanlaryň:
21.03.2023
16965
Milli bahar baýramy mynasybetli ählihalk dabaralary
Şu gün Türkmenistan Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ruhubelentlik bilen garşylady. Bu baýramçylyk mynasybetli esasy dabaralar, däp bolşy ýaly, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky “Nowruz ýaýlasynda” ýaýbaňlandyryldy.
20.03.2023
5017
Aşgabatda halkara maslahat geçirilýär
Şu gün paýtagtymyzdaky “Arçabil” myhmanhanasynda “Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri” atly halkara maslahat öz işine başlady. Forumyň işine halkara guramalaryň wekilleri, ýurdumyzyň we daşary döwletleriň şu ugur boýunça ýöriteleşen kompaniýalarynyň, şol sanda Özbegistanyň, Hytaýyň, Horwatiýanyň, Bolgariýanyň, Eýranyň, Günorta Koreýanyň ugurdaş düzümleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.
20.03.2023
8251
Aşgabatda Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň sebitleýin taslamasynyň açylyş çäresi geçirildi
Paýtagtymyzyň «Arçabil» myhmanhanasynda Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň (IOM) Türkmenistandaky wekilhanasynyň guramagynda «Merkezi Aziýa döwletleriniň hökümetlerine Migrasiýa boýunça Ählumumy Ylalaşygy durmuşa geçirmäge ýardam bermek» atly sebitleýin taslamasynyň Türkmenistandaky açylyş çäresi geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň Döwlet migrasiýa gullugynyň resmi web-saýtynda habar berilýär.
20.03.2023
4769
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekiliýeti Baku şäherinde geçirilen köptaraplaýyn duşuşyga gatnaşdy
Türkmenistan Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 2023-nji ýylyň 14-15-nji martynda Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde geçirilen Hazarüsti geçelgeleriň ugry boýunça Bir penjire ulgamyny ulanmak arkaly üstaşyr gümrük amallaryny ýeňilleşdirmek meselesine bagyşlanan köptaraplaýyn duşuşyga gatnaşdy.
17.03.2023
5409
Türkmenistanyň kazylarynyň V maslahaty
Şu gün Adalat köşgünde Türkmenistanyň kazylarynyň V maslahaty geçirildi. Oňa Ýokary kazyýetiň, Arbitraž kazyýetiniň wekilleri, welaýat, etrap we şäher kazyýetleriniň kazylary gatnaşdylar. Sanly ulgam arkaly geçirilen forumyň gün tertibine ýurdumyzyň kazyýet edaralarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça ilkinji nobatdaky wezipeler girizildi.
17.03.2023
4961
Okuw merkeziniň işgärleri resminamalaryň howpsuzlygy boýunça okuw maslahatyna gatnaşdy
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky Okuw merkeziniň işgärleri resminamalaryň howpsuzlygy boýunça wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen sebitleýin okuw maslahatyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi web-saýtynda habar berilýär.
16.03.2023
4680
Ýurdumyzda möhletinden öň ses bermek çäresi başlandy
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, ähli saýlaw okruglarynda Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, şäher, etrap halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça möhletinden öň ses bermek çäresi başlandy. Kodekse laýyklykda, bu çäre, ozaly bilen, uzak möhletleýin iş saparlaryna ýa-da zähmet rugsadyna gidýän raýatlar, saýlawlar gününde — 26-njy martda dürli sebäplere görä saýlaw uçastogyna gelip, iň mynasyp dalaşgär üçin ses bermäge mümkinçiligi bolmadyk saýlawçylar üçin göz öňünde tutulandyr.
16.03.2023
4209
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda intellektual eýeçilik hukuklaryny goramagyň tejribesi boýunça okuw geçirildi
“Schmitt&Orlov Intellectual Property” kompaniýasynyň wekilleri tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri üçin intellektual eýeçiligiň obýektiniň hukuk goragynyň üpjün edilmeginiň tejribesi babatynda wideoaragatnaşyk arkaly okuw geçirildi. Bu barada edaranyň resmi web-saýtynda habar berilýär.