Jemgyýet
15.03.2023
4507
Türkmenistana ÝHHG-niň synçylar topary geldi
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edara binasynda ýurdumyzda 26-njy martda geçiriljek saýlawlara taýýarlyk görmegiň we olary geçirmegiň barşyna baha bermek üçin türkmen paýtagtyna gelen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Demokratik institutlar hem-de adam hukuklary boýunça býurosynyň toparynyň agzalary bilen duşuşyk geçirildi.
15.03.2023
6536
Daşoguz welaýatynda bagbançylyk boýunça okuw geçirildi
Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy we Ruhubelent etraplarynda bagbançylygy ösdürmek boýunça amaly maslahat geçirildi.
14.03.2023
4115
GDA-dan synçylar topary Daşoguz welaýatyna baryp gördi
Türkmenistanda Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk işlerine uzak möhletleýin gözegçiligiň barşynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy gatnaşyjy döwletlerinden synçylar topary Daşoguz welaýatynda iş saparynda boldular.
14.03.2023
6967
Türkmenistanda ählihalk bag ekmek dabarasy geçiriler
Bahar bag we gyrymsy agaçlary ekmegiň iň amatly wagtydyr. Däp bolşy ýaly, bu döwürde biziň ýurdumyzda uly göwrümli abadanlaşdyryş işleri geçirilýär.
13.03.2023
5840
Saýlaw möwsümi işjeň tapgyra gadam basýar
Türkmenistanda Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň şu ýylyň 26-njy martynda geçiriljek saýlawlaryna taýýarlyk görmek işi dowam edýär.
13.03.2023
4393
Ýurdumyzda hepdäniň dowamynda nähili howa bolar?
Türkmenistanyň çäginde durnuksyz howa şertlerine garaşylýar. Ýurdumyzyň dürli sebitlerinde ýaz ýagşy ýagar diýlip çaklanylýar. Howanyň ortaça temperaturasy +30 gradus bolar.
11.03.2023
7313
Daşoguzda ýaşaýyş jaýlaryň gurluşygy dowam edýär
“Türkmen çarwa” hususy kärhanasy öňümizdäki ýyllarda Daşoguz şäherinde ýedi sany köp gatly iri panelli jaý gurar. Bu jaýlar şäheriň S.Türkmenbaşy şaýoluna ýanaşyk etrapçalaryň biriniň ýaşaýyş jaý gorunyň üstüni ýetirer. Dört gatly täze binalar 32 we 24 öý üçin niýetlenendir. Häzirki wagtda bu täze jaýlaryň ilkinjisiniň gurluşygy başlandy, ýöriteleşdirilen kärhanada bolsa diwar panellerini we binalar üçin beýleki zerur desgalary öndürmek boýunça işler alnyp barylýar.
09.03.2023
6613
GDA-dan synçylar saýlaw möwsümine syn etmäge girişdiler
Türkmenistanyň çakylygy boýunça gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň synçylar topary şu günler saýlaw möwsümine syn etmäge girişdi.
08.03.2023
17208
Halkara zenanlar güni mynasybetli dabaralar
Şu gün ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara zenanlar güni mynasybetli Söwda-senagat edarasynyň mejlisler zalynda “Arkadag Serdarly bagtyýar zenanlar” atly baýramçylyk dabarasy geçirildi.
08.03.2023
8908
Paýtagtymyzda täze ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabarasy boldy
Şu gün paýtagtymyzda, Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda dokuz gatly 108 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabarasy boldy. Bagtyýar maşgalalar hormatly Prezidentimiziň aladalary netijesinde Parahat-7 ýaşaýyş jaý toplumynda gurlup ulanmaga taýýar edilen täze ýaşaýyş jaýyna göçüp geldiler.