Jemgyýet
13.04.2021
2982
Şäheriň taryhy adamlaryň ykbalynda: Galina – hudožnik Mämmet Mämmedowyň ylham çeşmesi
Megerem Türkmenistanda Mämmet Mämmedowyň çeken suratlaryny bilmeýýän ýok bolsa gerek Ol altmyşynjy ýyllaryň suratkeşleriniň «Ýediler» diýip at alan meşhur ussatlaryň biridi. Onuň ýiti galamyndan dörän «Kompozitor Nury Halmämmedow», « Türkmen emeli derýasynyň açylyşy», «Suw sepijiler», « Älem-Jahan hakda söhbet», «Suw hakda dileg» ýaly hem-de ýene-de ençeme beýleki eserleri paýtagtyň Şekillendiriş muzeýiniň guraýan sergilerinde yzygiderli görkezilýär.
12.04.2021
24252
Adamyň kosmosa ilkinji uçuşyna 60 ýyl: dünýäni üýtgeden 108 minut
Mundan laýyk altmyş ýyl ozal taryhy waka bolup geçdi – zeminiň wekili ilkinji gezek kosmosa uçdy. Uçuş uzaga çekmedi – bary-ýogy 108 minut dowam etdi. Ýöne bu uçuş kiçigöwünli 27 ýaşly maýor, harby uçarlaryň synagçysy Ýuriý Gagariniň adyny rowaýada öwürdi. 1961-nji ýylyň 12-nji aprelinde göteriji raketa «Wostok-1» kosmos gämisini orbita çykardy. Ol sagatda 28 müň kilomtr tizlikde, 302 kilometr belentlikde dünýäniň daşyna aýlandy.
10.04.2021
122886
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna: özbaşdak ösüş ýolunyň ilkinji ädimleri
2021 ýyl – mundan otuz ýyl owal özbaşdaklygyny jar eden we dünýä bileleşiginiň doly hukukly agzasy bolan Türkmenistan häzirki günlerde şan-şöhrata beslenýär. Garaşsyzlyk ýolundaky möhüm wakalaryň arasynda 1990-njy ýylyň 22-nji awgustynda kabul edilen «Türkmenistan SSSR-iň döwlet özygtyýarlylygy hakyndaky» Jarnamany bellemek zerurdyr. Jarnama şol döwürde entek SSSR-iň düzümindäki resbublikanyň özbaşdaklygyny yglan eden ilkinji resminamadyr. Jarnama laýyklykda, Türkmenistan SSSR-i özüniň ähli çäginde dolandyryşy doly derejede amala aşyrýan we syýasy we ykdysady gurluşy özbaşdak bellemek hukugyna ygtyýarly milli döwlet hökmünde kesgilenildi.
09.04.2021
5842
Şäheriň taryhy adamlaryň ykbalynda: Marat Nyýazow
Marat Ataýewiç Nyýazow ýaly şahsyýetleri ýatlamak üçin aýratyn bir sebäp gerek däl. Ol hakda näçe ýazsaňam, näçe aýtsaňam – barybir az. Biziň aşgabatly ildeşimiz dogduk diýaryny dünýä tanatdy.
08.04.2021
10561
Melhemler mekanynyň paýtagty
Gözelligi we sazlaşykly ösüşi bilen haýran galdyrýan ak mermerli Aşgabadyň geljegi nazarlaýan şäher hökmünde häsiýetlendirilmeginde çuňňur many bar. Paýtagtymyzyň 140 ýyllygynyň Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly senesi bilen bir ýylda bellenilmegi bu baýramlaryň ähmiýetini has-da artdyrýar.
06.04.2021
6843
Şäheriň taryhy adamlaryň ykbalynda: müň ýyllyk däpler
Aşgabadyň 140 ýyllygyna taýýarlanylýan häzirki günlerde paýtagtyň ýaşaýjylary, ajaýyp künjekleri we medeni ýadygärlikleri hakynda ençeme gyzykly maglumatlar peýda bolýar. Bu geň däldir. Ýaşynyň uly däldigine garamazdan, biziň ýurdumyzyň paýtagty köki asyrlaryň jümmüşine siňip gidýän taryhy wakalara baýdyr. Şäheriň ykbaly ony döredýän adamlar bilen aýrylmaz baglydyr.
02.04.2021
3664
Tarp etrabyň gülleri: bagçylyga şahsy goşant
Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynyň «Zähmet» geňeşliginiň ýaşaýjylary – ata-ogul Emin we Enwer Saparbaýewler boş wagtlaryny peýdaly işe – gül nahallaryny ösdürip ýetişdirmeklige bagyşlaýarlar. Gül nahallary soňra olaryň obadaşlarynyň öylerine we howlularyna «göçürilýär».
01.04.2021
17169
Aşgabat-140 ýyl: halkara ylalaşdyryjy, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk merkezi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistan daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirýär. Şol strategiýanyň esasy maksady dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen oňyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde jemlenýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda Watanymyzyň ak mermerli paýtagty — şu ýyl 140 ýyllygyny giňden belleýän Aşgabat ençeme gezek halkara maslahatlaryň geçirilýän ýerine öwrüldi. Şol maslahatlaryň gün tertibine döwrüň möhüm meseleleri girizildi. Munuň özi ýurdumyzyň dünýädäki belent abraýynyň, oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanan daşary syýasy ugrunyň giňden goldanylýandygynyň ýene-de bir subutnamasydyr.
31.03.2021
5197
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi
Şu gün Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi. Onda möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräniň — Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlarynyň netijeleri jemlenildi.
30.03.2021
14886
Türkmenistanyň “akylly” şäherleri - Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň sanly binagärligi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow golaýda Ahal welaýatyna bolan iş saparynyň barşynda Gökdepe etrabynyň çäginde gurulýan sebitiň täze döwrebap edara ediş merkezi bilen tanyşdy.