Jemgyýet
27.03.2021
3754
Leonid Filatowyň ýagty ýadygärligine: «Ol biziň ildeşimiz!»
Aşgabatda sowet we rus aktýory, Russiýanyň halk artisti Leonid Filatowyň (1946-njy ýylyň 26-njy dekabry – 2003-nji ýylyň 26-njy oktýabry) ýagty ýadygärligine bagyşlanan agşam geçirildi, onuň çagalygy we ýetginjekligi biziň güneşli şäherimizde geçipdi. Kamera kysmy agşamy «Россотрудничество» Agentliginiň Türkmenistandaky wekilligi gurady.
26.03.2021
3861
Türkmenistan Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň ilkinji saýlawlaryny geçirmäge taýýar
Ýekşenbe güni, 28-nji martda Türkmenistanda möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre — Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň ilkinji saýlawlary geçiriler.
23.03.2021
11640
Aşgabat-140 ýyl: halkara derejeli sport merkezi
Ýurdumyz mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny hem-de Watanymyzyň ak mermerli paýtagty Aşgabadyň 140 ýyllygyny giňden baýram etmäge taýýarlyk görýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döredijilik zehininiň miwesi, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ägirt uly özgertmeleriniň özboluşly nyşanyna öwrülen baky juwan, kalplary gözelligi we ajaýyplygy bilen haýran galdyrýan bu şäher Türkmenistanyň iň täze taryhy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Paýtagtymyz berkarar döwletimiziň kemala gelşiniň esasy tapgyrlaryny, rowaýatlara dolan geçmişini we şöhratly şu gününi beýan edýär.
23.03.2021
12167
Ahalteke bedewlerimiziň dünýä dolan şöhraty milletimiziň buýsanjydyr
Şu gün Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde “Bedew batly öňe barýar Arkadagly Türkmenistan!” atly çäre geçirildi.
23.03.2021
5934
Ýoluň ak bolsun, Aşgabat!
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýunyň toýlanýan ýylynyň Nowruzynda taýçanak dünýä indi. Milli Liderimiz «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» atly kitabynda şeýle belleýär: «Eger at taýçanaklasa, bu habar edil çaga dünýä inen ýaly, çar töwerege buşlanypdyr. Atda lakam diýen zat bolmandyr, diňe at goýlupdyr. Olaryň nesil daragty hem edil ynsanyňky ýaly — ogul, gyz, agtyk, çowluk diýlip atlandyrylypdyr... Türkmenlerde: «Ertir tur, ataňy gör, ataňdan soň — atyňy» diýen pähim bar».
21.03.2021
10343
Türkmenistanlylar galkynyşyň we durmuş ösüşiniň dabaralanmasyny özünde jemleýän Nowruzy garşyladylar
Şu gün halkymyz Halkara Nowruz gününi — Milli bahar baýramyny uly ruhubelentlikde dabaralandyrdy. Bahar paslynda tutuş ýurdumyz boýunça ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk çäreleri aýdym-sazly çykyşlar we türkmen halkynyň oňyn däp-dessurlary bilen türkmen topragynyň gözelligine gözellik goşdy.
20.03.2021
4891
Paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde täze seýilgäh döredilýär
Şu gün Türkmenistanda Milli bahar baýramyna – Halkara Nowruz gününe bagyşlanyp ählihalk bag ekmek çäresi geçirildi. Şäheriň ýene bir işewürlik we durmuş-medeni merkezi döredilýän demirgazyk böleginde tiz wagtda Aşgabadyň bu künjegine bezeg berjek täze seýilgähde nahallar oturdyldy.
19.03.2021
3689
Türkmen we gruzin hünärmenleri buýan köküni farmasewtikada ulanmagyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasynyň ýardam bermeginde buýan köküniň dermanlyk häsiýetlerini öwrenýän iki ýurduň hünärmenleriniň onlaýn duşuşygy geçirildi.
18.03.2021
5708
«Beýik özgertmeleriň ýyl ýazgysy» neşiriniň nobatdaky sany çapdan çykdy
Dowamly çap edilýän «Beýik özgertmeleriň ýyl ýazgysy» neşiriniň 13-nji goýberilişi çapdan çykdy, onda «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýen şygar bilen geçirilen 2019-njy ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň netijeli syýasy we guramaçylyk işini açyp görkezýän wakalar beýan edilýär.
16.03.2021
5003
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň wekiliýeti Mejlisiň Başlygynyň ýolbaşçylygynda “Parahatçylygy, ynanyşmagy hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmakda zenanlaryň orny” atly Merkezi Aziýa forumyna gatnaşdy. Duşuşyk Türkmenistanyň Hökümeti bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy tarapyndan guraldy. Wideomaslahat görnüşinde geçirilen çärä ÝHHG-niň başlygy hem-de Şwesiýanyň daşary işler ministri Ann Linde, ÝHHG-niň Baş sekretary Helga Şmid, daşary ýurtlaryň parlamentleriniň we halkara düzümleriniň ýokary wezipeli wekilleri gatnaşdylar.