Resmi
25.05.2022
9482
Maliýe we ykdysadyýet ministrligi 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamalasyny taýýarlamak borçly edildi
“Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyndan” ugur alyp, Býujet kodeksine laýyklykda, 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň we «Türkmenistanyň maýa goýum Maksatnamasynyň» taslamalaryny öz wagtynda taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi:
22.05.2022
11966
Ahal welaýatynda meşhur Akhan bedewiniň heýkeli ýerleşdirilen monumenti gurlar
Halkymyzyň milli buýsanjy bolan meşhur ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
14.05.2022
12275
Ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary Abu-Dabi şäherinde gulluk iş saparynda bolar
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Halifa Bin Zaýed Al Nahaýýanyň aradan çykandygy sebäpli, bu ýurduň Döwlet ýolbaşçylaryna gynanç bildirmek üçin Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalaryna 2022-nji ýylyň 14-nji maýynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherine gulluk iş saparyna gitmäge rugsat berildi.
13.05.2022
15075
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktoryna käýinç yglan edildi
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, ýurdumyzda sanly ulgamy ornaşdyrmak işleriniň alnyp barlyşyna gözegçiligi gowşadanlygy üçin, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Çakyýew Mämmethan Berdimyradowiçe käýinç yglan edildi.
13.05.2022
8239
2022-nji ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça Döwlet topary döredildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, halkymyzyň rysgaly we azyk garaşsyzlygymyzyň kepili bolan bugdaýyň öndürilýän möçberlerini yzygiderli artdyrmak, ýetişdirilen galla hasylyny gysga wagtyň içinde we ýitgisiz ýygnap almak hem-de däne öndürijiler bilen hasaplaşyklary wagtynda geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
12.05.2022
9087
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmaga, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda syýasy, ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge,
12.05.2022
11455
Döwlet Baştutanymyz Pariž ylalaşygy boýunça Türkmenistanyň Milli derejede kesgitlenen goşandy (NDС) tassyklady
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemeginiň öňüni almak babatda alnyp barylýan işleriň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak,
10.05.2022
12030
Aşgabatda “Hazar deňzi – durnukly ösüş we dolandyryş” atly halkara okuw maslahatlaryny geçirmek bellenildi
Türkmenistanyň Hazar deňziniň sebitinde halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, Hazar deňziniň daşky gurşawyny gorap saklamak, sebitde durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen halkara gatnaşyklary berkitmek we bu ugurda degişli döwlet edaralarynyň işgärlerini okatmak, olaryň hünär derejelerini ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
10.05.2022
10404
Hökümetara türkmen-hindi toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
Türkmenistan bilen Hindistan Respublikasynyň arasynda gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary durmuşa geçirmek hem-de iki ýurduň özara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-hindi toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.
09.05.2022
9974
Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň gaznasynyň ady üýtgedildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda geçirilýän halkara çäreleri ýokary derejede guramak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda 2019-njy ýylda birinji Hazar ykdysady forumyny geçirmek bilen bagly Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň gaznasynyň ady üýtgedilip, ol Türkmenistanda halkara çäreleri geçirmegiň gaznasy diýlip atlandyryldy we onuň Düzgünnamasy tassyklanyldy.