Sport
03.11.2022
7476
Türkmenistanyň zenanlar ýygyndy topary (U20) futbol boýunça Aziýa Kubogy-2024-iň saýlama oýunlarynda Eýran we Bangladeş bilen oýnar
Türkmenistanyň zenanlar topary (20 ýaşa çenli) futbol boýunça Aziýa Kubogy-2024-iň saýlama ýaryşynda Eýranyň we Bangladeşiň toparlary bilen duşuşar. Şu gün Kuala-Lumpurda (Malaýziýa) Aziýa futbol konfederasiýasynyň merkezinde geçirilen bije atyşlygyň netijesi şeýle.
03.11.2022
7435
«Altyn asyr» topary ýeňiş gazandy
17-nji tapgyryň jemleýji oýnunda Türkmenbaşynyň «Şagadam» toparyny 1:3 hasabynda utup, «Altyn asyryň» futbolçylary ýeňiş gazandylar.
02.11.2022
8345
«Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň üçünji sany çapdan çykdy
Sporta ýöriteleşdirilen neşiriň ilkinji sahypalary Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyny bellemäge bagyşlanan dabaralar barada gürrüň berýän materiallar bilen açylýar.
31.10.2022
7713
«Ahal» topary «Energetik» toparyny utup, futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynda öňdeligini berkitdi
«Ahalyň» toparynyň futbolçylary 17-nji tapgyrda ýokary liganyň klublarynyň arasynda Türkmenistanyň çempionatynda Marynyň «Energetik» toparyny utup, öňdeligini berkitdiler. Paýtagtymyzyň «Nisa» stadionynda geçen oýunda meýdança eýeleri 6:0 hasabynda ýeňiş gazandylar.
28.10.2022
7219
Türkmenistan konkili taýýanlaryň Halkara birleşiginiň doly derejeli agzalygyna kabul edildi
Türkmenistanyň sportuň gyşky görnüşleri Milli merkeziniň figuralaýyn taýmak bölümi konkili taýýanlaryň Halkara birleşiginiň (ISU) doly derejeli agzalygyna kabul edildi. Degişli çözgüt ISU-nyň Geňeşiniň Ženewada (Şweýsariýa) geçen mejlisinde kabul edildi.
27.10.2022
7901
«Ahal» bilen «Şagadam» futbol boýunça Türkmenistan-2022 kubogynyň finalyna çykyp biljekdigini mälim etdiler
«Ahal» we Türkmenbaşynyň «Şagadamy» futbol boýunça Türkmenistan-2022 kubogynyň finalyna çykyp biljekdigini mälim etdi.
25.10.2022
6371
«Ahal» topary «Altyn asyr» toparyndan 7 utuk artykmaçlygyny saklady
«Ahal» topary ýokary liganyň toparlarynyň arasynda Türkmenistanyň çempionatynyň 16-njy tapgyrynyň jemleýji oýnunda çempionlyk ugrundaky göreşde esasy bäsdeşi «Altyn asyr» topary bilen 0:0 hasabynda deň oýnap, 7 utuk artykmaçlygyny saklap galdy.
25.10.2022
7277
Fudokan karate boýunça Ýewropanyň açyk birinjiliginde türkmen türgenleri 14 medal gazandylar
Türkmenistanly türgenler Italiýanyň Rim şäherinde geçirilen fudokan karate boýunça Ýewropanyň açyk çempionatynda jemi 14 – 2 altyn, 5 kümüş we 7 bürünç medal eýelediler. Ýaryşa dünýäniň 30 ýurdundan 1000-e golaý türgen gatnaşdy.
23.10.2022
6709
«Energetik», «Aşgabat» we «Şagadam» has güýçli bolup çykdy
Maryda, Aşgabatda we Balkanabatda bolan üç oýun bilen başlanan Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 16-njy tapgyry gyzykly başlandy.
21.10.2022
7610
«Ahal» we «Altyn asyr» futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 3-nji aýlawyna ýeňiş bilen girişdiler
«Ahal» we «Altyn asyr» futbol boýunça ýokary liganyň toparlary[ arasynda Türkmenistanyň çempionatynyň 3-nji aýlawyna ýeňiş bilen girişdiler.