Sport
02.03.2025
3679
TTF-niň başlygy türkmen tennisçileriniň BAE-de boljak ATP 500 derejeli ýaryşa gatnaşmak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň (TTF) başlygy, Aziýa tennis federasiýasynyň (ATF) wise-prezidenti Eziz Döwletow Birleşen Arap Emirlikleriniň tennis federasiýasynyň baş sekretary Naser Ýusef Al Marzuki bilen türkmen tennisçileriniň indiki ýyl «АТР 500 Dubai Duty Free Tennis Championship» ýaryşyna gatnaşmak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdy.
01.03.2025
2936
Türkmenistanyň 18 ýaşa çenli hokkeý boýunça ýygyndy topary ýetginjekler dünýä çempionatynyň ilkinji oýnunda Lýuksemburgyň toparyny utdy
Türkmen hokkeýçileri Bangkokda (Tailand) geçirilýän «B» toparçanyň üçünji diwizionynda 18 ýaşa çenli oýunçylaryň arasynda ýetginjekler dünýä çempionatyna Lýuksemburgyň toparyndan – 8:2 (1:0, 3:2, 4:0) hasap ýeňiş bilen başladylar.
28.02.2025
3672
Wepaly Hallynyýazow ilkinji gezek küşt boýunça Türkmenistanyň çempiony boldy
19 ýaşly sport ussady Wepaly Hallynyýazow (FIDE-niň görkezijisi – 2115) küşt boýunça Türkmenistanyň çempiony boldy. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 2-nji ýyl talyby ýokary liganyň açyk kategoriýasynda iň gowy netije bilen ýeňiş gazanyp, mümkin bolan 11 utukdan 7,5 utuk toplap, ilkinji gezek şeýle üstünlik gazandy.
28.02.2025
2089
Türkmenistanyň gatnaşmagynda Aziýada intellektual sportda täze tapgyryň başy başlandy
29 ýurtdan milli olimpiýa komitetleriniň we intellektual sporty milli federasiýalarynyň wekilleri 25-nji fewralda Bangkokda (Tailand) geçirilen Aziýa intellektual (Asian Mind Sports Association, AMSA) sport birleşiginiň esaslandyryş ýygnagyna gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Milli olimpiýa komiteti habar berdi.
27.02.2025
2929
Jahan Rejepowa 14 ýaşynda küşt boýunça Türkmenistanyň iň ýaş çempiony boldy
Zenanlaryň arasynda küşt boýunça Türkmenistanyň çempionaty garaşylmadyk ýagdaýda tamamlandy. Onda Lebapdan 14 ýaşly mekdep okuwçysy Jahan Rejepowa ýeňiş gazanyp, türkmen küşt taryhynda ýurduň iň ýaş çempiony boldy.
26.02.2025
2762
Türkmenistanda «Aýyň türgeni» taslamasy badalga aldy
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan Sport» teleýaýlymy, «Mahabat» müdirligi hem-de Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty «Aýyň türgeni» atly taslamanyň badalga alandygyny habar berdiler.
26.02.2025
2386
Lebaply ýaşajyk küştçüler Türkmenistanyň çempionatynda ýene ýokary netije görkezdiler
Lebap küşt mekdebiniň wekilleri 8, 10 we 12 ýaşa çenli oglan-gyzlaryň arasynda Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň çempionatynda toparlaýyn bäsleşikde ynamly ýeňiş gazandylar.
25.02.2025
4126
Türkmen tennisçileri Bahreýnde geçirilýän 14 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda saýlama ýaryşyna ýeňiş bilen başladylar
Türkmenistanyň milli ýygyndy topary 14 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda Aziýa-Okeaniýa zolagynda dünýä çempionatyna deslapky saýlama ýaryşynyň tapgyryny Bahreýn toparyny 3:0 hasabynda utmak bilen başlady. Bäsleşik Bahreýniň Isa-Taun şäherinde geçirilýär.
24.02.2025
4511
«Arkadag» futbol topary TFF-2025-iň kubogy ugrundaky ýaryşy ýeňiş bilen tamamlady
«Arkadag» toparynyň futbolçylary Ahal welaýatynda tamamlanan Türkmenistanyň Futbol Federasiýasynyň kubogy ugrundaky ýaryşda geçirilen bäş oýunda bäşinji ýeňşini gazandy.
23.02.2025
4534
Türkmenistanly 14 ýaşa çenli tennisçiler Bahreýnde geçirilen ITF World Junior saýlama ýaryşynyň birinji bäşliginde
14 ýaşa çenli türkmen tennisçileri gyzlaryň arasynda Aziýa-Okeaniýa zolagynda ITF World Junior dünýä çempionatyna deslapky saýlama ýaryşynda Isa-Taun şäherinde (Bahreýn) geçirilen 18 toparyň arasynda bäşinji orny eýelediler.