Ï Aşgabat uly futbol baýramçylygyna garaşýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabat uly futbol baýramçylygyna garaşýar

view-icon 151
Aşgabat uly futbol baýramçylygyna garaşýar

Täze ýylyň gelmegi Türkmenistanda hakyky futbol joşguny bilen utgaşdy. Bu bolsa geň galdyrýan ýagdaý däldir. Türkmenistanlylar elmydama bu iň meşhur sport görnüşiniň hakyky muşdaklarydyr.

1960 – 1970-nji ýyllarynyň «telewideniýe» nesliniň islendik wekilinden sorasaň, olar geçmişiň futbol ýyldyzlarynyň onlarçasynyň adyny, meselem: Atamyrat Mämmedow, Annaly Garadanow, Gurban Berdiýew, Wladimir Muntýan, Rinat Dasaýew, Dawid Kipiani ýaly ussatlary, hem-de Pele, Garrinçe we Eusebio ýaly dünýä ýyldyzlaryny ýatdan aýdyp bererler.

Şu günlerde Aşgabatda geçiriljek AFK-nyň II Çempionlar ligasynyň 1/8 final tapgyrynda «Arkadag» we «Al-Nassr» toparlarynyň arasyndaky duşuşyk baradaky hoş habar janköýerler tarapyndan uly ruhubelentlik bilen garşylandy. Bu waka diňe bir sporty wagyz etmäge däl, eýsem köpçülikleýin çäreleri guramakda sanly tehnologiýalary ulanmaga hem itergi berdi. Aşgabat şäher häkimliginiň maglumat hyzmatlary we sanly tehnologiýalar bölüminiň hünärmenleri bu duşuşygy ýokary tehnologik derejede geçirmek, hususan-da, petekleri onlaýn satmak üçin ýörite programma üpjünçiligini işläp düzdüler. 19-njy ýanwarda petekleriň satuwa çykarylan pursadyndan başlap, häkimligiň bölüm müdiri Maksat Aşyrowyň we onuň işgärleriniň telefonlary şu güne çenli bir pursat hem dymmaýar. Petekler satylyp başlanan ilkinji günleriniň içinde olaryň müňlerçesi satyn alyndy.

Dünýä ýyldyzlarynyň gatnaşmagyndaky öňde duran bu duşuşyk Türkmenistanda ilkinji gezek geçirilýär. Ol biziň futbolymyzyň abraýyny has-da belende göterjek ajaýyp baýramçylyga öwrüler. Adybir «akylly» şäherde «Arkadag» futbol toparynyň döredilmegi ýurdumyzdaky giň gerimli olimpiýa hereketiniň kanunalaýyk dowamy boldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň yzygiderli üns-aladasy we goldawy netijesinde, topar gysga wagtyň içinde halkara derejesine çykdy. Hut «Arkadag» toparynyň futbolçylarynyň gazanan üstünlikleri netijesinde türkmenistanly janköýerler 11-nji fewralda «Olimpiýa» stadionynda geçiriljek taryhy duşuşyga şaýat bolmaga mümkinçilik aldylar.