Sport
20.01.2025
5667
Tagir Agaýew – Türkmenistanyň ilkinji samboçylarynyň biri
Ýaşlygymdan başlap, nirede bolsam-da, irden ylgamagy endigime öwürdim. Ine täze ýaşaýan ýerimde-de, ýaşaýan jaýymdan uzak bolmadyk ýerde «Köpetdag» stadionynyň ýerleşmegi bähbidime boldy we bu meniň ajaýyp endigimi dowam etmegime mümkinçilik berdi.
20.01.2025
6345
Türkmen tennisçisi Saud Arabystanyndaky ýaryşda altyn we kümüş medallary gazandy
Saud Arabystanynda geçen halkara ýaryşda 13 ýaşly türkmen tennisçisi Süleýman Hudaýberdiýew iki gezek hormat münberine çykdy. Ýaryşlar Jiddada Aziýa Tennis Federasiýasynyň (ATF) howandarlygynda geçirildi. Oňa 13 ýurtdan 14 ýaşa çenli ýetginjekleriň 36-sy gatnaşdy.
15.01.2025
6194
Küşt boýunça Türkmenistanyň çempiony kesgitlenildi
Aşgabatda 20 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda üç görnüşde geçirilen Türkmenistanyň küşt çempionaty tamamlandy.
13.01.2025
10794
Küşt boýunça 2025-nji ýylyň ilkinji çempionlary kesgitlendi
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Wepaly Halnyýazow nusgawy küşt boýunça 20 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda geçirilen Türkmenistanyň çempionatynda ýeňiji boldy.
25.12.2024
8472
«Arkadag» futbol topary möwsümiň üçünji baýragyny – Türkmenistanyň Kubogyny aldy
«Arkadag» toparynyň futbolçylary möwsümiň dowamynda ilkinji gezek üç baýrak gazandylar. Milli çempionatyň altyn medallarynyň we Naýbaşy Kubogyň üstüne Türkmenistanyň Kubogy goşuldy, ol finalda ýurdumyzyň wise-çempiony we AFK-nyň Çempionlar ligasynyň ýaryşyna iki gezek gatnaşan «Ahal» toparyny 1:0 hasabynda utdy.
23.12.2024
9195
2024-nji ýyldaky futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky oýunda «Arkadag» futbol topary bilen «Ahal» topary duşuşar
«Arkadag» futbol toparynyň we «Ahal» toparynyň oýunçylary ähmiýeti boýunça ikinji derejeli klublar baýragy – Türkmenistanyň Kubogy ugrunda aýgytlaýjy oýunda duşuşarlar. Ol ýarym final oýunlarynyň netijeleri esasynda belli boldy.
18.12.2024
9929
Türkmen küştçüleri Taýlandda geçirilen Aziýa Birinjiliginde bäş medal gazandylar
Türkmen küştçüleri Bangkokda mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen Aziýa Birinjiliginde bäş medal gazandylar.
16.12.2024
6455
«Diplomatiýanyň altyn ýaýy» atly ýaryş geçirildi
Aşgabatda Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 29 ýyllygy mynasybetli «Diplomatiýanyň altyn ýaýy» at bilen geçirilen ýaýdan ok atmak boýunça ýaryşyň jemi jemlendi.
15.12.2024
8087
Daşoguz welaýatynda futbol boýunça tälimçileriniň we eminleriň hünärlerini ýokarlandyrmak boýunça okuw maslahaty geçirildi
Daşoguz welaýatynyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň mejlisler zalynda futbol boýunça tälimçileriniň we eminleriň hünärlerini ýokarlandyrmak boýunça okuw maslahaty geçirildi.
12.12.2024
5704
«Arkadag» futbol topary «Altyn asyr» toparyndan üstün çykdy
«Arkadag» futbol topary 27-nji tapgyryň wagty üýtgedilen oýnunda paýtagtymyzyň «Altyn asyr» toparyndan üstün çykmak bilen, Türkmenistanyň futbol çempionatynda otuzynjy ýeňşini gazandy – 4:0.