Ï Koreý medeniýetiniň hepdeligi, sergiler we teatrlarda görkeziljek sahna oýunlary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Koreý medeniýetiniň hepdeligi, sergiler we teatrlarda görkeziljek sahna oýunlary

view-icon 157
Koreý medeniýetiniň hepdeligi, sergiler we teatrlarda görkeziljek sahna oýunlary

Ýakyn günlerde paýtagtymyzda geçiriljek medeni çäreler şäheriň her bir ýaşaýjysyna we myhmanlara dynç alyş günlerini gyzykly we täsirli geçirmäge mümkinçilik berer.

1-nji noýabrda sagat 17:00-da «Koreý medeniýetiniň hepdeliginiň» çäklerinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda dünýäde breakdans bilen öňdebaryjy tehnologiýalary özboluşly utgaşdyrmagy arkaly giňden tanalan Günorta Koreýanyň meşhur «Saeng Dong Gam Crew» tans toparynyň şowhunly çykyşlary geçiriler.

2-nji noýabrda sagat 17:00-da «Koreý medeniýetiniň hepdeliginiň» çäklerinde «Arkaç» söwda merkezinde Koreýa bilen tanyşdyrýan medeni-maglumat beriş çäresi geçiriler. Ol bilim, syýahatçylyk, aşhana we güýmenje ýaly birnäçe ugurlary öz içine alar. Çäräniň dowamynda ussatlyk sapaklary hem-de koreý halkynyň däp bolan oýunlaryna — tuho, çegiçhagi we takjiçhigi oýunlaryna bagyşlanan ýörite zolak guralar.

Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Gözel Hytaý: Sinszýanyň sungaty we gözelligi» atly sergi açyldy. Sergi zallarynda Hytaýyň meşhur suratkeşleriniň nakgaşlyk eserleri we fotosuratlary görkezilýär.

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergi zalynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde Azerbaýjan Respublikasynyň Geýdar Aliýew gaznasy bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde guralan «MAMA – Ene tebigat» («MAMA 'Mother Nature'») atly sergi dowam edýär.

Paýtagtymyzyň teatrlary tomaşaçylary sahna oýunlaryna tomaşa etmäge çagyrýar.

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatry:

31.10.2026: «Oguz söýgüsi» — 19:00;

01.11.2026: «Hoşlaşasym gelenok» — 19:00.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry:

30.10.2026: «Gurbannazar Ezizow» — 19:00.

A.S. Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatry:

31.10.2026: «Bremen sazandalary» — 12:00;

31.10.2026: «Sekiz söýgüli zenan» — 19:00;

01.11.2026: «Üç doňuzjyk» — 11:00; 13:00;

01.11.2026: «Ýelden öňe» — 19:00.

Türkmen döwlet gurjak teatry:

31.10.2026: «Maşa we aýy» — 19:00;

01.11.2026: «Maşa we aýy» — 19:00.

Teatrlaryň tomaşa maksatnamasyna üýtgetmeler girizilmegi mümkin. Şonuň üçin teatra gitmezden ozal jaň edip, sahna oýunlarynyň wagtyny we tertibini anyklamagyňyzy maslahat berýäris.