Sport
22.12.2023
8270
Türkmenistanyň 2023-nji ýyl futbol kubogy ugrunda «Arkadag» topary bilen «Ahal» topary bäsleşer
«Arkadag» topary bilen «Ahal» toparynyň oýunçylary ähmiýeti boýunça ikinji orunda durýan klub baýragy – Türkmenistanyň kubogy ugrundaky aýgytly oýunda duşuşarlar. Bu Aşgabatda geçirilen ýarym final jogap oýunlarynyň netijeleri boýunça kesgitlendi.
21.12.2023
9275
Türkmenistanyň ýaş figuralaýyn typyjylary buz üstünde Täze ýyl çykyşyny görkezdiler
Figuralaýyn typmagyň körpeje ýyldyzjyklary buzly meýdançada biri-birlerini yzygiderli çalşyp, tomaşaçylaryň içini gysdyrmady, olara baýramçylyk çykyşlary bilen uly joşgun paýladylar. Tomaşaçylary şadyýan Aýazbaba hem ruhlandyrýar. Tamamlanyp barýan ýylyň nyşany bolan towşanyň hem-de ýetip gelýän ýylyň nyşany – balygyň bilelikdäki tansy maksatnamanyň esasy özeni boldy.
20.12.2023
6681
«Ahal» topary bürünç medal ugrundaky göreşde «Nebitçi» topary bilen aralygyny ýygjamladýar
«Ahal» toparynyň oýunçylary ýokary liganyň klublarynyň arasynda geçýän Türkmenistanyň çempionatynyň 21-nji tapgyrynyň wagty üýtgedilen oýnunda Merwden 1:0 hasabynda üstün çykdy. Oýun Marynyň «Sport toplumy» stadionynda bolup geçdi.
20.12.2023
6646
«Arkadag» topary ikinji baýragy almaga ýakyn geldi
«Arkadag» toparynyň oýunçylary ýarym finalda geçen iki duşuşygyň netijesi boýunça paýtagtyň «Altyn asyr» toparyny ýeňip, Türkmenistanyň Kubogynyň finalyna ilkinji bolup çykdylar.
19.12.2023
6369
TTF-niň başlygy ATF-niň direktorlar geňeşiniň düzümine girip, Aziýa tennis federasiýasynyň wise-prezidenti wezipesine bellendi
Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň (TTF) başlygy Eziz Döwletow bu yklymy guramanyň direktorlar geňeşiniň düzümine girip, Aziýa tennis federasiýasynyň (ATF) prezidentiniň orunbasary wezipesine bellendi. Türkmen sportunyň taryhyndaky bu möhüm waka ATF-niň prezidentiniň, geňeş agzalarynyň we prezidentiniň orunbasarynyň saýlawy bolan Bangkokda (Taýland) geçirilen kongresinde bolup geçdi.
19.12.2023
5125
«Uly Aziýa» teleýaýlymynda Türkmenistanda geçen kuraş boýunça dünýä çempionaty barada gepleşik berildi
«Uly Aziýa» teleýaýlymynda möhüm sport wakasy – şu ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda geçirilen kuraş boýunça 14-nji dünýä çempionaty barada giňişleýin gepleşik berildi. Ony taýýarlamaga kanalyň bäsleşikde hut özi bolup gören baş redaktory Alisa Klimantowiçiň ýolbaşçylygynda uly topar gatnaşdy.
17.12.2023
5797
«Arkadag» topary AFK Çempionlar ligasyna gatnaşýan topardan üstün çykdy
«Arkadag» topary Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 25-nji tapgyrynda «Ahal» toparyny 2:1 hasabynda utup, ýigrimi üçünji ýeňşini gazandy. Oýun paýtagtymyzyň «Nusaý» stadionynda geçirildi.
14.12.2023
4978
«Ahal» topary «Köpetdag» toparyny bürünç medal ugrundaky ýaryşdan gysyp çykarýar
«Ahal» toparynyň futbolçylary Türkmenistanyň ýokary liga klublarynyň arasynda geçirilýän çempionatyň 24-nji tapgyrynyň wagty üýtgedilen oýnunda Aşgabadyň «Köpetdag» toparyny 3:1 hasabynda utdy. Oýun paýtagtyň «Nusaý» stadionynda geçdi.
11.12.2023
6760
«Arkadag» topary AFK-2018 Kubogynyň finalçysyny utdy
«Arkadag» toparynyň futbolçylary ýokary liganyň klublarynyň arasynda geçirilýän Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 17-nji tapgyrynyň meýilleşdirilen oýnunda Aşgabadyň «Altyn asyr» toparyny 4:1 hasabynda utdy.
10.12.2023
5788
Saparmyrat Atabaýew Daşkentde geçirilen küşt festiwalynda ýeňiş gazanyp, grossmeýster derejesine bildirilýän ähli talaplary ýerine ýetirdi
Aşgabatly 24 ýaşly zehinli küştçi Saparmyrat Atabaýew şu gün Özbegistanyň paýtagtynda tamamlanan «Рокировка-2023 Мастерс» küşt festiwalynda ýeňiş gazanyp, grossmeýster derejesine bildirilýän ähli talaplary ýerine ýetirdi. «AA»-nyň habarçysyna bu barada Türkmenistanyň Küşt federasiýasynda habar berildi.