Sport
30.06.2026
5957
Türkmen türgenleriniň Özbegistanda geçirilen Aziýa çempionatynda gazanan ýeňişleri
Özbegistan Respublikasynyň Fergana şäherinde geçirilen guşakly göreş boýunça Aziýanyň çempionatynda türkmen türgenleri 9 medal gazandylar. Ýygyndy topardan ildeşlerimiz 3 sany altyn we 6 sany bürünç medala mynasyp boldylar.
29.06.2026
5956
Garagumuň içi bilen 358 kilometr: Türkmenistanda ralli-reýd ýaryşynyň ýeňijileri kesgitlendi
Türkmenistanda ralli-reýd boýunça ýaryş geçirildi. Ýurdumyzyň awtomobil sportunyň ýokary derejededigini görkezen bu ýaryş iň ökdeleri bir ýere jemledi. Şu ýylyň 27-28-nji iýuny aralygynda geçirilen iki günlük ýaryş Daşoguz we Ahal welaýatlaryndan geçýän agyr, emma gözel tebigatly ýollarda geçirildi.
29.06.2026
4731
Türkmen grossmeýsteri Meýlis Annaberdiýew Wengriýada geçirilen abraýly küşt ýaryşynda ýeňiji boldy
Türkmen grossmeýsteri Meýlis Annaberdiýew Wengriýanyň Balatonlelle şypahana şäherinde geçirilen 5-nji halkara «Rigo Janos Memorial GM-B» küşt ýaryşynda ynamly ýeňiş gazandy.
28.06.2026
3514
Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň guramagynda geçirilýän futbol boýunça 2026-njy ýylyň Türkmenistanyň Kubogynyň ýarym finalçylary belli boldy
Aşgabatda, Balkanabatda we Maryda geçirilen futbol boýunça 2026-njy ýylyň Türkmenistanyň Kubok finalynyň 1/4 duşuşygynda ýarym finalyň netijeleri belli boldy. Iki duşuşykdan ybarat tapgyryň netijesinde ýaryşyň iň güýçli dört toparynyň hataryna «Arkadag», «Altyn asyr», «Ahal» we «Köpetdag» toparlary saýlandy.
23.06.2026
4554
Türkmenistanyň Kubogy–2026: ýarym finala çykmaga ýakyn toparlar
Türkmenistanyň 2026-njy ýyl Kubogynyň aýgytlaýjy çärýek final oýunlarynyň döwri golaýlaýar.
20.06.2026
5633
«Köpetdag» futbol toparynyň ýeňişleri
Futbol boýunça Türkmenistanyň ýokary ligasynyň çempionatynyň 13-nji tapgyry dartgynly we örän netijeli geçdi. Aşgabat, Balkanabat we Türkmenbaşy şäherlerinde geçirilen 4 duşuşykda toparlar 16 gol saldylar. Öz garşydaşlaryndan üstün çykmak bilen toparyň güýjüni tassykladylar.
13.06.2026
7960
«Arkadag» topary «Nebitçi» toparyny uly hasap bilen ýeňdi, «Ahal» we «Altyn asyr» toparlary üç utuk gazandylar, «Köpetdag» topary bolsa paýtagt duşuşygynda üstün çykdy
Ýurdumyzyň üç şäherinde futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 12-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi. Oýunlar janköýerleri derwezä giren köp pökgi, öňdebaryjy toparlaryň ynamly ýeňişleri we myhmanlaryň berk garşylaşmalary bilen begendirdi. Dört duşuşykda jemi 12 pökgi derwezä girizildi.
11.06.2026
8311
Türkmen türgeni erkin göreş boýunça 17 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda Aziýanyň çempionatynda bürünç medal gazandy
17 ýaşly aşgabatly Şaapbas Esgerow Wýetnamyň Da Nang şäherinde geçirilen 17 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda Aziýanyň çempionatynda bürünç medala mynasyp boldy. «Olimp» orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy bu üstünligi 80 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip gazandy. Bu derejede 15 türgen çempionlyk ugrunda bäsleşdi.
09.06.2026
7349
Türkmenistanly karateçiler Manilada geçirilen ýaşlar ligasynyň ýaryşynda altyn we bürünç medal gazandylar
Filippinleriň paýtagty Manilada geçirilen halkara «Karate-1» ýaşlar ligasynyň dünýä tapgyry ýaryşynda türkmenistanly türgenler altyn we bürünç medal gazandylar.
09.06.2026
5262
Türkmenistanyň futbol boýunça 20 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndysynyň Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyryndaky garşydaşlary belli boldy
Yragyň, Tailandyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň toparlary 2027-nji ýylyň futbol boýunça Aziýa Kubogynyň saýlama ýaryşynda Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndy toparynyň (20 ýaşa çenli) garşydaşlary boldy. Aziýa futbol konfederasiýasynyň Kuala-Lumpurdaky (Malaýziýa) ştab-kwartirasynda geçirilen bije çekişligiň netijeleri şeýle boldy.