Wakalaryň jümmüşinde
16.04.2025
3998
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Sizi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň şanly wakalara beslenýän günlerinde Ýaponiýa amala aşyran saparyňyzyň üstünlikli geçmegi mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny, netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda alyp barýan işleriňiziň mundan beýläk hem üstünliklere beslenmegini arzuw edýärin.
16.04.2025
5033
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidentleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
15.04.2025
7265
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Tokioda ýokary derejeli gepleşikleri we duşuşyklary geçirdi
Ýaponiýada saparda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün Imperator Naruhito, Premýer-ministr Sigeru Isiba, şeýle hem Ýaponiýanyň işewür we ylym-bilim jemgyýetçiliginiň wekilleri bilen duşuşdy.
15.04.2025
5069
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşygyndaky çykyşy
Türkmen-ýapon ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe bolan bu duşuşygy gurandygy üçin ýapon işewürlerine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin.
14.04.2025
6104
Türkmenistanyň Prezidenti Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşdy
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa saparynyň çäklerinde Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki bilen duşuşdy.
14.04.2025
7664
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “EKSPO — 2025” sergisinde Türkmenistanyň Milli güni mynasybetli dabaraly çärelere gatnaşdy
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa saparynyň çäklerinde “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli güni mynasybetli dabaraly çärelere gatnaşdy.
14.04.2025
6287
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli gününiň açylyş dabarasyndaky çykyşy
Ilki bilen, siziň ähliňizi “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli gününiň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Sergä gatnaşyjylara uly üstünlikleri arzuw edýärin. Döredilen ajaýyp şertler üçin guramaçylara çuňňur minnetdarlygymy bildirýärin.
13.04.2025
4758
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Sizi ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramyna barýan günlerimizde Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasyndan gelip gowşan hoş habar — Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde «BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny geçirmegiň tertibine goşmaça maglumat» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn.
13.04.2025
3899
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
Oraza baýramy mynasybetli Size bagtyýarlyk, abadançylyk hem-de üstünlikler baradaky iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.
13.04.2025
6789
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýa sapar bilen ugrady
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sapar bilen Ýaponiýa ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.