Ykdysadyýet
28.11.2025
4624
Türkmenistan «Big 5 Global 2025» sergisinde özüniň strategik garaýyşlaryny beýan edýär
Türkmenistanyň wekiliýeti gurluşyk, infrastruktura we şäher gurluşygynyň ösüşi boýunça dünýäniň öňdebaryjy hünärmenlerini birleşdirýän Dubaýdaky «Big 5 Global 2025» atly halkara sergisine we maslahatyna işjeň gatnaşmagyny dowam etdirdi.
27.11.2025
3826
Doha şäherinde Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-katar toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
2025-nji ýylyň 26-27-nji noýabrynda Katar döwletiniň Doha şäherinde Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-katar toparynyň 3-nji mejlisi geçirildi.
27.11.2025
3053
«Türkmen Logistika» assosiasiýasy ulag pudagynyň wekilleri üçin okuw maslahatyny gurady
25 – 27-nji noýabr aralygynda «Türkmen Logistika» assosiasiýasy Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) goldawy bilen «Merkezi Aziýa ýurtlarynda söwdany ýeňilleşdirmek» taslamasynyň çäginde «Ýöriteleşdirilen Logistika 2025» atly birnäçe okuw maslahatyny geçirdi.
27.11.2025
4755
Ykdysady görkezijiler – Watanymyzyň okgunly ösüşiniň nyşany
Eziz Diýarymyzda milli ykdysadyýetimizi pudaklaýyn diwersifikasiýalaşdyrmak, ykdysady ösüşiň köpugurlylygyny gazanmak babatda uly üstünlikler gazanylýar.
25.11.2025
4072
Bassem Tadros: Türkmenistan dünýäniň iň geljegi bar bolan energetika merkezleriniň biridir
Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) wekilhanasynyň ýolbaşçysy Bassem Tadros kompaniýanyň Aşgabatdaky edarasynyň açylyş dabarasynda Birleşen Arap Emirliklerini we Türkmenistany ynam, hormat goýmak, energetika howpsuzlygy we durnukly ösüş babatda umumy garaýyşlara esaslanýan gatnaşyklaryň baglanyşdyrýandygyny belledi.
25.11.2025
4248
Daşoguzda täze durmuş-medeni maksatly desgalar işjeň gurulýar
Ýurdumyzyň köp şäherleri ýaly, Daşoguzda hem döwrebap şäher gurşawy ýokary depginde döredilýär. Köne binalardan boşadylan ýa-da boş duran ýer böleklerinde dürli maksatly täze desgalaryň gurulmagy gysga wagtyň içinde şäher çägini özgertmäge mümkinçilik berdi.
24.11.2025
4066
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 150 müň dollaryndan gowrak boldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 19-sy hasaba alyndy.
22.11.2025
5011
Türkmenistan wirtual aktiwleri düzgünleşdirmek we maýning tehnologiýasyny ornaşdyrmak boýunça maksatlaýyn işleri alyp barýar
21-nji noýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow Türkmenistanda wirtual aktiwleri düzgünleşdirmegiň we maýning tehnologiýasyny ornaşdyrmagyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin «Ýol kartasynyň» taslamasy barada hasabat berdi.
22.11.2025
3205
«Türkmenistan» awiakompaniýasy» AGPJ Howa ýük daşamalarynyň halkara assosiasiýasynyň işjeň agzasy derejesine eýe boldy
21-nji noýabrda hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew ýurdumyzyň raýat awiasiýasy pudagyny ösdürmek we logistika mümkinçiliklerini has-da kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
21.11.2025
3931
Türkmenistanyň wekiliýeti Bişkekde geçirilen CAREC 2025 işewürlik forumyna we 24-nji ministrler maslahatyna gatnaşdy
2025-nji ýylyň 18–20-nji noýabrynda Maliýe ministriniň orunbasary B.Ýalakowyň we Döwlet Gümrük gullugynyň başlygynyň orunbasary M.Muhammedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Bişkekde geçirilen CAREC 2025 işewürlik forumyna we Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň (CAREC) «Ýaşyl we sanly CAREC» atly 24-nji ministrler maslahatyna gatnaşdy.