Ykdysadyýet
16.10.2021
10219
Iým taýýarlamak işi üstünlikli dowam edýär
Daşoguz welaýatynda mallaryň ýitgisiz gyşlamagy üçin, iým taýýarlamak işi üstünlikli dowam edýär. Mallaryň gyşda dok bolmagyna diňe olaryň gyşdan ýitgisiz çykmagy däl, eýsem soňundan köpelmegi hem baglydyr. Şonuň üçin bu sebitde iým tetärigini görmegiň guramaçylykly amala aşyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Munuň üçin bu ýerde wagtlaýyn iş toparlary döredilipdir, olar ot ormak, ýygnamak we daşamak üçin zerur bolan ýöriteleşdirilen enjamlary netijeli ulanýarlar.
15.10.2021
6610
Eziz Diýarymyzda dolandyryşy we durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmek boýunça okuw geçirildi
ÝHHG-niň parahorlugyň öňüni almak we oňa garşy göreşde netijeli dolandyryş boýunça iki günlük onlaýn okuwy tamamlandy.
15.10.2021
9575
«Kökçi» şu ýyl 36,5 müňe golaý akkumulýator batareýalaryny öndürdi
Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek barada edýän taýsyz tagallalary özüniň oňyn netijelerini berýär. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň has-da pugtalanmagynda aýratyn orna eýe bolýan telekeçilik ulgamynyň Berkarar Diýarymyzda öňden hereket edip gelýän iri kärhanalar bilen ysnyşykly işlemekligi bolsa halk hojalygy üçin zerur bolan ýokary hilli önümleri öndürmäge aýratyn ýardam edýär.
14.10.2021
10007
Täjirçilik diplomatiýasy boýunça onlaýn okuw maslahaty işe başlady
Halkara söwda merkezi “Ready4Trade Merkezi Aziýada” taslamasynyň çäginde türkmen hünärmenleri üçin täjirçilik diplomatiýasy we söwda meseleleri bilen baglanşykly gepleşikleri geçirmek boýunça üç günlük okuw maslahatyny gurady. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýty habar berýär.
14.10.2021
13571
Türkmenistanyň demirgazyk welaýatynda arpa ekiş dowam edýär
Daşoguz welaýatynda arpa üçin müň gektar ýer bölünip berlipdir. Bu sebitiň daýhanlarynyň arpa ösdürip ýetişdirmekde köpýyllyk tejribesi bar we her ýyl arpanyň bol hasylyny alýarlar.
13.10.2021
6509
Onlaýn-seminaryň temasy - söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ulgamynda halkara şertnamalaryny baglaşmak işini gowulandyrmak
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrliginiň, Daşary işler ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, şeýle hem Döwlet haryt-çig mal biržasynyň, Söwda-senagat edarasynyň, ýurduň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen onlaýn-seminarda ikitaraplaýyn, sebitleýin we köptaraplaýyn derejede söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň meseleleri boýunça halkara şertnamalaryny baglaşmak işini kämilleşdirmek ara alnyp maslahatlaşyldy.
11.10.2021
6988
Russiýanyň teplowozlary Türkmenistana geldi
Aşgabat lokomotiw deposynyň gorunyň üsti Russiýada öndürilen teplowozlar bilen dolduryldy.
10.10.2021
9374
Eksport geleşikleriniň arasynda nebithimiýa we tekstil önümleri öňdeligi eýeleýär
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 16-sy hasaba alyndy.
09.10.2021
12621
Bereketli güýzüň sowgady
Daşoguz welaýatynda güýzlük käşir ýygymy tamamlanýar. Bu ekiniň hasylyny ýygmak boýunça göz öňünde tutulan tabşyrygy Görogly etrabynyň daýhanlary üstünlikli ýerine ýetirdiler. Mysal üçin, «Magtymguly» daýhan birleşiginiň ekerançylary ekin meýdanlaryndan 37 tonna käşir ýygdylar. «Zaman», «Durdy Gylyç» we «Aksaraý» daýhan birleşiklerinde bolsa, göz öňünde tutulanyndan-da bol hasyl alyndy. Umuman, sebitde güýzlük käşiriň hasyly 93 tonna barabar bolup, bu meýilleşdirilen görkezijiden ýokarydyr.
06.10.2021
9383
Telekeçiler ýurduň eksport mümkinçiligini ösdürýärler
Watanymyzyň ykdysadyýetiniň hususy telekeçiligiň ösüşi işewürligiň jemi içerki önüme we döwletimiziň büjetine goşandyny artdyrmaga, ilatyň iş bilen üpjün edilmegi, eksportyň ösdürilmegi, şeýle hem import harytlaryň öwezini tutmagy bilen baglanyşykly möhüm milli maksatnamalaryň ýerine ýetirilmegine alyp barýar. Häzirki zaman tehnologiýalara we iň täze enjamlara esaslanýan täze önümçilikleri döredýän hususy telekeçiler diňe bir içerki bazarda öz ornuny tapmaga däl, eýsem daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen-de işewür gatnaşyklary ýola goýmaga çalyşýarlar.