Ykdysadyýet
17.06.2021
8630
Türkmen telekeçileri doňdurmanyň giň görnüşini teklip edýärler
Tomsuň jöwzaly günleri çagalykdan halanylýan ýürek sowadyjy doňdurma isleg artýar. Türkmen telekeçileri bu sowuk süýji tagamyň ençeme görnüşini teklip edýärler. Olar ýurdumyzyň içerki bazarynyň talaplaryny doly kanagatlandyrýarlar hem-de daşary ýurtlara-da önüm iberýärler.
16.06.2021
6657
«Altyn asyr» Türkmen kölüniň töwereginde gün-ýel garyşyk elektrik bekedi gurlar
Merkezi Garagumda «Altyn asyr» Türkmen kölüniň çäginde 10 megawat kuwwaty bolan utgaşdyrylan Gün we ýel elektrik bekedi gurlar. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Aşgabada iş sapary wagty energetika ministri Ç.Pürçekow habar berdi.
16.06.2021
7515
«NUR» we «Mylaýym»: gökdür bakja önümlerinden konserwler
Ýurdumyzda giň gerimde alnyp barylýan ýerli haryt öndürijilerini goldamak, oba hojalyk önümleriniň öndürilişine itergi bermek çäreleri daşary ýurtdan getirilýän azyk harytlarynyň mukdaryny esli azaltmaga we öz önümçiligimizi artdyrmaga mümkinçilik berdi.
15.06.2021
3844
Ýokary öndürijilikli tehnikalar galla ýygymynda
Ýokary öndürijilikli galla ýygnaýjy tehnikalaryň 2100-den gowragy ýurdumyzyň atyzlarynda galla ýygymynda gije-gündiz ulanylýar. Eýýäm olaryň kömegi bilen 600 müň tonna golaý bugdaý ýygnaldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýetişdirilen hasyly gysga wagtda we ýitgisiz ýygnamagy wezipe edip goýdy.
15.06.2021
4001
Ahaldan Balkana: halkalaýyn energiýa ulgamynyň birinji tapgyry gurulýar
Ahal, Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň elektrik ulgamlaryny birleşdirmek bilen, sebitleri elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etjek halkalaýyn energiýa ulgamynyň birinji tapgyrynyň gurluşygy depginini artdyrýar.
15.06.2021
5101
Tekstil pudagynyň önümleri birža söwdasynda öň hatarda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 176-sy hasaba alyndy.
14.06.2021
6430
Türkmenistanyň demirgazygynda bagçylyk ösdürilýär
Daşoguz welaýatyndan Türkmensitanyň Senagatçylar we Telekeçiler Birleşmesiniň agzasy Sarybaý Hanbaýew ir ýetişýän almanyň we beýleki miweli ekinleriň täze hasylyndan ilkinji tapgyryny bazarlara ugratdy.
12.06.2021
11591
«Türkmen enjam» HJ sement zawodyny gurýar we turba öndürýär
«Türkmen enjam» hojalyk jemgyýeti diametri 110 millimetrden 630 millimetre çenli bolan himiki täsire durnukly, uzak wagtyň dowamynda ýokary basyşa çydamly polietilen we polipropilen suw hem gasynlanan lagym turbalarynyň öndürilişini artdyrýar. Ýylyň başyndan bäri Kyýanlynyň polimer zawodyndaky ýerli öndürijilerden alynýan çig maldan eýýäm 200 tonna golaý önüm öndürildi.
11.06.2021
4329
Arassa we durnukly energetikanyň ulanylmagy – adam saglygyny goramagyň girewi
BMG durnukly ösüşiň 7-nji maksadynda (DÖM-7) göz öňünde tutulan ygtybarly, durnukly we döwrebap energetikanyň ählumumy elýeterliligi barada täze hasabaty neşir etdi. Bu barada BMG-niň habarlar saýty habar berýär.
10.06.2021
8089
Garaşsyzlygyň 30 ýyllygy: ykdysadyýetiň özgertmesi, diwersifikasiýasy we sanlaşdyrylmasy
Garaşsyzlygymyzyň otuz ýylyň içinde Türkmenistan halk hojalyk toplumynyň çäkli ugurly bölegini dünýä ykdysadyýetiniň ugruna laýyklykda depginli ösýän özüni üpjün edýän milli modeline öwürmegi üstünlikli amala aşyrdy. Bu gün Türkmenistan MWF we WB görkezijileri boýunça sebitdäki goňşularynyň aglabasyndan öňe geçip, ilatyň jan başyna düşýän içerki önümiň jemi (IÖJ) möçberi – ýurduň ykdysady ösüş derejesini kesgitleýän häsiýet boýunça dünýä ýurtlarynyň ilkinji ýüzlügine girýär. Ykdysadyýetiň garaşsyzlygyň başyndan bäri üstünlikli goldanýan durnukly ösüşi netijesinde 2012-nji ýylda Bütindünýä banky Türkmenistana girdejisi orta derejeden ýokary bolan ýurt statusyny (Upper Middle Income Country Status ) berdi.