Ï Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasy Tokio şäherinde medeni-tanyşdyryş çäresini geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasy Tokio şäherinde medeni-tanyşdyryş çäresini geçirdi

view-icon 117

2026-njy ýylyň 3-nji noýabrynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasy Tokio şäherinde medeni-tanyşdyryş çäresini geçirdi. Çärä Tokio şäheriniň Suginami mekdebiniň mugallymlary we okuwçylary gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

Çäräniň esasy maksady ýaş nesliň arasynda medeniýetara dialogy ösdürmek, dürli halklaryň medeniýetine hormat goýmak we Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmekden ybarat boldy.

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlary, ýaşlar syýasaty ulgamynda durmuşa geçirilýän işler, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary hem-de tagallalary barada giňişleýin maglumat berildi.

Şeýle hem ýapon okuwçylaryna Türkmenistanyň taryhy, medeniýeti, milli däp-dessurlary we häzirki zaman gazananlary barada giňişleýin gürrüň berildi.

Çäräniň dowamynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň şygary bilen baglylykda, Türkmenistanyň gazanan üstünlikleri, türkmen bedewleriniň maddy we ruhy gymmatlyk hökmünde eýeleýän aýratyn orny, ahalteke bedewlerini ylmy taýdan öwrenmek, bu täsin tohumy dünýäde giňden wagyz etmek we onuň halkara derejesindäki abraýyny ýokarlandyrmak boýunça ýurdumyzda alnyp barylýan toplumlaýyn işler barada hem gatnaşyjylara maglumat ýetirildi.