Ylym
26.10.2026
188
Türkmen talyby Ýaponiýanyň Tohoku uniwersitetinde bir ýyllyk okuw geçýär
Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň biotehnologiýa we ekologiýa fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Suraý Baýryýewa Ýaponiýanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Tohoku uniwersitetinde talyplary alyşmak maksatnamasy boýunça bir ýyllyk okuw geçýär.
24.10.2026
233
Ekologiýa we maýa goýumlary: Türkmenistan Hazar deňzi bilen bagly meselelerde ylmy çemeleşmäni we tagallalaryň birleşdirilmegini goldaýar
Aşgabat şäherinde «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» (OGT-2026) atly her ýyl geçirilýän halkara maslahat we sergi boldy.
23.10.2026
1500
Dünýä ähmiýetli milli gymmatlygyň şanyna
Şu gün S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde «Türkmen alabaýynyň we tazysynyň ýetişdirilmegi: taryhy, medeniýeti we sungaty» atly VI halkara ylmy maslahat geçirildi.
23.10.2026
1576
Türkmen oba hojalyk instituty talyplary halkara ylmy-taslamalar bäsleşigine çagyrýar
Türkmen oba hojalyk instituty Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny 11–12 noýabrda geçiriljek «Agroinnowasiýalar: durnukly ösüşiň röwşen ýoly» atly sanly ulgam arkaly III halkara ylmy-taslamalar bäsleşigine gatnaşmaga çagyrýar.
23.10.2026
1834
Merkezi Aziýa döwletleriniň we Mongoliýanyň bilim ministrleriniň duşuşygy geçirildi
Şu gün paýtagtymyzda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Mongoliýanyň bilim ministrleriniň duşuşygyna gatnaşyjylaryň tegelek stoluň başyndaky maslahaty boldy.
22.10.2026
1278
Türkmen alymy Ýanka Kupala adyndaky Grodno döwlet uniwersitetinde umumy okuw berip çykyş edýär
18–24-nji oktýabr aralygynda Belarus Respublikasynyň Grodno şäherinde Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň amaly matematika we informatika kafedrasynyň müdiri, fizika-matematika ylymlarynyň kandidaty Maral Bekiýewa iş saparynda bolýar.
21.10.2026
1817
«PETRONAS» kompaniýasynyň Tehnologiýa uniwersiteti türkmen mugallymlary we talyplary üçin hünär kämilleşdiriş okuwyny geçirýär
19-22-nji oktýabr aralygynda Malaýziýanyň «PETRONAS» kompaniýasynyň Tehnologiýa uniwersitetiniň professory tarapyndan Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň energetika we inženerçilik desgalary fakultetiniň talyplary hem-de ýaş mugallymlary üçin onlaýn görnüşde hünär kämilleşdiriş okuw sapaklary geçirilýär.
21.10.2026
1449
Türkmen mugallymy Ýaponiýada halkara bilim maksatnamasyna gatnaşýar
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň kiberfiziki ulgamlar kafedrasynyň mugallymy Nurjemal Baýramowa Ýaponiýanyň Hirosima uniwersiteti tarapyndan 19 – 28-nji oktýabr aralygynda geçirilýän Şöhleleriň dinamikasy we tizlendiriji tehnika boýunça 9-njy halkara okuw maksatnamasyna (ISBA 2026) gatnaşýar.
21.10.2026
1942
Aşgabatda sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk boýunça halkara maslahat hem-de internet-olimpiada geçiriler
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde geljek aýda «Ylym-bilim ulgamynda sanly tehnologiýalar, emeli aň we kiberhowpsuzlyk: ylmy-tehnologik ösüşiň häzirki zaman ugurlary» atly utgaşykly görnüşde halkara ylmy-amaly maslahat hem-de sergi, şeýle hem olara bagyşlanan halkara açyk internet-olimpiadasy geçiriler.
20.10.2026
1944
Türkmenistan we Ýaponiýa ylym-bilim hyzmatdaşlygyny berkidýärler
14 – 16-njy oktýabr aralygynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektorynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Ýaponiýa iş sapary boldy. Bu sapar ylym-bilim hyzmatdaşlygyny ösdürmäge hem-de wodorod energetikasy ulgamynda özara gatnaşyklary giňeltmäge gönükdirildi.