Ï «CARAVAN» taslamasy metbugat sowatlylygy we emeli aňy ulanmak edebi boýunça okuw maslahatyny geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«CARAVAN» taslamasy metbugat sowatlylygy we emeli aňy ulanmak edebi boýunça okuw maslahatyny geçirdi

view-icon 1204
«CARAVAN» taslamasy metbugat sowatlylygy we emeli aňy ulanmak edebi boýunça okuw maslahatyny geçirdi

21 ‒ 24-nji oktýabr aralygynda Aşgabatda Ýewropa Bileleşiginiň goldawy bilen «Mazmun döredijiler üçin metbugat sowatlylygyny we emeli aňyň integrasiýasyny ýokarlandyrmak» atly üç günlük okuw maslahaty geçirildi. «CARAVAN» metbugat taslamasynyň çäginde guralan depginli okuw maslahaty täze başlan žurnalistlere maglumatlary barlamagy, hekaýat beýan etmegi we emeli aň (EA) gurallaryny edepli ulanmagy öwretmäge gönükdirilendir.

Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasynyň maksatnama ýerine ýetirijisi Borislaw Dimitrow, maslahata gatnaşýanlary gutlap, bu mowzugyň häzirki, sanly döwürde wajyplygyny nygtady. Ol okuw maslahatynyň tankydy pikirlenişine, häzirki zaman žurnalistika formatlaryny özleşdirmäge we emeli aňyň amaly ulanylyşyna ýardam edýändigini, munuň bolsa okuwa gatnaşýanlara ygtybarly we manyly mazmun döretmäge mümkinçilik berýändigini belledi.

Okuw maslahatyna ýaş metbugat hünärmenleri we žurnalistikany öwrenýän talyplar gatnaşdylar. Interaktiw sapaklaryň dowamynda olar makala döretmek, barlamak we hakykylygyna göz ýetirmek başarnyklaryny kämilleşdirmek bilen, amaly we toparlaýyn tabşyryklary ýerine ýetirdiler, şeýle hem emeli aň gurallaryny özleşdirdiler.

Neýron ulgamlary bilen işlemegiň edep standartlaryna aýratyn üns berildi, çünki emeli aň tehnologiýalarynyň adaty işlere çalt ornaşdyrylmagy diňe bir ünsli öwrenmegi däl, eýsem olary niýetlenen ýerinde ussatlyk bilen maksatly ulanmagy hem talap edýär.

Çagyrylyp getirilen bilermenler, şol sanda mobil žurnalist we emeli aň gurallaryny ulanmak boýunça metbugat bilermeni Marat Sadykow (Gazagystan); metbugat sowatlylygy, hekaýat beýan etmek, aragatnaşyk psihologiýasy we kiberpsihologiýa boýunça bilermen Anna Suhaçýowa we onlaýn aragatnaşyk boýunça bilermen Aýjan Kalimbetowa dagy öz tejribeleri barada gürrüň berdiler.

Bilermenler köpçüligi nädip özüňe garatmalydygy, ýokary hilli mazmuny nädip döretmelidigi we häzirki zaman sanly gurallary nädip netijeli ulanmalydygy barada gürrüň berdiler. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlara maksatnamany üstünlikli tamamlandyklary barada şahadatnamalar gowşuryldy.

Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän «CARAVAN» metbugat taslamasy Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ählisinde-de işleýär we dürli okuwlar geçirýär. Taslamanyň esasy maksady howpsuz maglumat giňişligini döretmek we tankydy pikirlenmäni ösdürmek arkaly köpçüligiň galp maglumatlara garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmakdyr. Maksat, şeýle hem, milli metbugat giňişligini güýçlendirmegi we Merkezi Aziýanyň hem beýleki sebitleriň metbugat hünärmenleriniň arasynda sebitleýin hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagy öz içine alýar.